Hokkeý kalplary joşdurdy

23 Aprel 2024
149

Aprel. Aşgabat. Buzly meýdança. Paýtagtymyzda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda güýç synanyşmak üçin yklymyň çar ýanyndan gelen gyşky oýnuň ussatlary diňe güneşli ülkämiziň ýaz paslynyň ajaýyplygyny däl, eýsem, türkmen kalbynyň ýylysyny hem ýakyndan duýdular. Munuň şeýledigine türgenlerdir tälimçiler bilen eden söhbetlerimizde-de, sportuň we dost-doganlygyň baýramçylygynyň ýapylyş dabarasynda edilen çykyşlarda-da göz ýetirdik. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň ýeňiş gazanmagy bolsa şatlygymyzy goşalandyrdy.

15 — 20-nji aprel aralygynda dowam eden halkara ýaryş diňe bir hokkeý janköýerlerinde däl, eýsem, sport bilen gyzyklanýan ildeşlerimiziň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary yzygiderli geçirmek, milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenleriniň dünýäniň dürli ýurtlarynda gazanýan üstünliklerine guwanmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asylly däbine öwrüldi.

Ahmet GELDIÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar