Hokkeý sportunda täze sahypa

22 Aprel 2024
199

Paýtagtymyzda ajaýyp sport baýramçylygy — hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15 — 20-nji aprelinde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli geçirildi. Biziň hokkeýçilerimiz bu halkara ýaryşda örän ynamly çykyş etdiler. Ýaryşyň ilkinji gününden Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony «Galkan» topary uly ýeňişler bilen tapawutlanmagy başardy. Final duşuşykda «Galkan» RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» topary bilen duşuşyp, oýny 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady. Şeýlelikde, Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. 21-nji aprelde bolsa hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda çempion toparyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar