Şaşka ýaryşy

23 Aprel 2024
277

Kaka etrabyndaky 21-nji orta mekdepde umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. Ony Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilelikde gurady.

Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak, şaşka boýunça ussatlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş gyzykly duşuşyklara baý boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça etrapdaky 21-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy H.Orazowa birinji, 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy O.Rahadowa ikinji, 15-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Y.Öwezow üçünji orna mynasyp boldy.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar