Küştçülere üstünlik arzuw edýäris

22 Aprel 2024
197

Küşt oýny akyl üçin iň gowy türgenleşik bolup, ünsüňi jemlemegi, çuňňur we köptaraplaýyn pikirlenmegi, çylşyrymly ýagdaýlara dogry baha berip, olardan baş alyp çykmagy, işleriňi meýilleşdirmegi, döredijiligi we durmuşyň tutuş dowamynda ynsana peýda getirýän başga-da ençeme başarnyklary ösdürýär. Ýurdumyzda halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan aň-paýhas oýny boýunça halkara derejede üstünlikler gazanylýar. Bizem Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň küşt boýunça tälimçi-mugallymy Güljahan Öwlýäkulyýewa bilen bu oýnuň ähmiýeti hem-de halypanyň şägirtleriniň Albaniýada ýakynda geçiriljek halkara ýaryşa taýýarlygy barada söhbet etdik.

— Güljahan mugallym, ilki bilen, küşt oýnunyň çagalaryň zehininiň açylmagyna ýetirýän täsiri barada gürrüň beräýseňiz!

Söhbetdeş bolan Güljemal AMANMYRADOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar