Ýaş pälwanlarymyzyň üstünligi

24 Aprel 2024
222

Paýtagtymyzda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda milli göreş boýunça ýaryşyň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirilip, onda welaýatymyzyň ýaş pälwanlary toparlaýyn birinji orny eýelediler. Bu ýaryşda aýry-aýry türgenlerimiz has ýokary netije görkezdiler.

Ýaryşda Babadaýhan etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Pena Gidimow 40 kilogram agramda, Gökdepe etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Bäşimmuhammet Hydyrmuhammedow 45 kilogram agramda, Gökdepe etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Orazmämmet Mammowow 48 kilogram agramda, Babadaýhan etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Baýmyradow 62 kilogram agramda, Gökdepe etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Selim Sähedow 74 kilogram agram derejesinde birinji orna mynasyp boldular. Ýaş pälwanlarymyzy bu ýaryşa tälimçi mugallym Nurmuhammet Orazmuhammedow taýýarlady. Ýeri gelende, ýaş türgenlerimizi ýaryşa taýýarlamakda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan hem uly tagallalaryň edilendigini bellemelidiris.

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar