Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünligi

24 Aprel 2024
192

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn işleri netijesinde, türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Bilşimiz ýaly, 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş hem türkmen sportunyň dünýä derejesine çykarylmagy, türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagy, Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde ykrar edilmegi üçin yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçirilen bu ýaryş halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde möhüm itergi boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça üstünlik gazanan “Galkan” toparynyň şu gezekki ýeňşi bolsa, Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň netijesini görkezdi.

Begli Artyknyýazow,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar