Serhetçi türgeniň ýeňşi

24 Aprel 2024
159

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň ýokary ligasynda erkekleriň arasynda küşt boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Oňa küşt sungatyna ykbalyny baglan ezber küştçüler işjeň gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar. Ýaryşyň netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger Allaýar Şirliýew 1-nji orna mynasyp bolup, ýurdumyzyň ýygyndy toparyna kabul edildi. Ýeri gelende bellesek, ýaş türgen sportuň küşt görnüşi bilen çagalykdan bäri meşgullanyp, ilkinji gezek 2015-nji ýylda 12 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolýar. Ýaş zehin 2016-njy ýylda Hindistanda, 2017-nji ýylda Çehiýada geçirilen çempionatlarda hem birinjiligi elden bermeýär. Ol 2018-nji ýylda hem ýene-de Hindistanda we Hazarýaka döwletleriniň ýaş küştçüleriniň arasynda geçirilen çempionatlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Geljekde hem ýeňişleri bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy begendirmegi maksat edinýän türgenimize biz hem myratlarynyň hasyl bolup, Watanymyzyň şanyna şan goşmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Serdar TAGANOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar