Türkmenistan sport döwleti hökmünde dünýäde ykrar edilýär

22 Aprel 2024
157

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşy türkmen türgenleriniň peýdasyna üstünlikli tamamlandy. Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi. Gutlagda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde türkmen sportunyň hil taýdan täze derejelere çykarylýandygy nygtalýar.

Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

Baýmyrat BALAKAÝEW,
«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň 7-nji ýangyç guýujy bekediniň 1-nji derejeli operatory.
Beýleki habarlar