Türkmen sportunyň «Galkany»

23 Aprel 2024
229

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 15 — 20-nji apreli aralygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Onda Türkmenistanyň «Galkan» topary birinji orna mynasyp boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ajaýyp miwesidir. Galyberse-de, bu ýeňiş döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Harby we hukuk goraýjy edaralaryň futbol, hokkeý toparlarynyň gazanýan ýeňişleri olary täze üstünliklere ruhlandyrýar» diýen sözleriniň galkyndyryjy güýjüni görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen soňky ýyllarda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleriniň biri bolan hokkeýe hem uly üns berilýär. Hokkeý boýunça dürli ýaryşlar, şol sanda milli çempionatlar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy hereket edýär.

«Türkmen dünýäsi».
Beýleki habarlar