Hokkeýçilerimiziň üstünligi buýsandyrýar

22 Aprel 2024
514

Ak mermerli paýtagtymyzda tamamlanan hokkeý boýunça halkara ýaryşy eziz Diýarymyzyň dost-doganlyk mekanyna, sport merkezine öwrülendigi hakdaky hakykaty aýdyňlygy bilen bütin dünýä äşgär etdi. Dünýäniň on ýurdundan güýçli hokkeý toparlarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçen abraýly ýaryşda berkarar Watanymyzyň “Galkan” toparynyň ýeňiji bolmagy buýsanjymyzy has-da goşalandyrdy. Bu üstünlik ýurdumyzda sporta berilýän üns-aladanyň, türgenlerimiz üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikleriň netijesidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň döwrebap derejede ösmegi ugrunda uly aladalar edilýär, iri halkara sport çärelerini geçirmek üçin giň mümkinçiliklerdir amatly şertler döredilýär. Dünýä ölçeglerine laýyklykda bina edilip, ulanylmaga berilýän döwrebap derejedäki sport desgalary bu babatda aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Bu zatlar türgenlerimizi halkara derejedäki ýaryşlara gatnaşmaga we üstünlik gazanmaga ruhlandyrýar.

Arzygül TOÝÇYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar