Atly ýöriş bäsleşigi

23 Aprel 2024
199

Düýn Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Ony «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hem-de Ahal welaýat häkimligi bilelikde gurady.

Iki tapgyrdan ybarat bolan atly ýöriş bäsleşigi toý ruhuna eýe boldy. Oňa saýlama bedewleriň 20-si goşulyp, 60 kilometrlik menzili geçdiler. Bu bäsleşik ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, ýyndamlygyny kesgitlemekde örän ähmiýetli boldy.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.
Beýleki habarlar