"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Türkmen tebigatynyň dosty

Türkmenistanda işleýän diplomatlardyr olar bilen işleşýän dürli kärdäki adamlaryň, paýtagtymyzy ýaşyl bossanlyga büremäge goşant goşýan ululardyr ýaşlaryň arasynda Dubrawka Ýowanowiç diýilýän zenany tanamaýan az-azdyr, megerem. Ol Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonsonyň maşgalasy. Ekologiýany goramagyň işjeň tarapdary bolan bu zenany «türkmen tebigatynyň hakyky dosty» diýip atlandyrsagam, söz ulaltdygymyz bolmaz. Ýanýoldaşynyň diplomatik missiýasy bilen baglylykda, olar indi üç ýyldan gowrak wagt bäri Aşgabatda ýaşaýarlar. Şu geçen döwrüň içinde Dubrawka Ýowanowiç dürli bag nahallarynyň müňlerçe düýbüni oturdyp, paýtagtymyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge öz şahsy goşandyny goşup gelýär. Asylly işiň tarapdaram köp bolýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler bu gün diňe bir watandaşlarymyzy däl, eýsem, ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan we zähmet çekýän köp sanly daşary ýurt raýatlaryny-da biparh goýmaýar. Olar hem köpçülikleýin bag ekmek dabaralaryna, dürli görnüşli ekoçärelere işjeň gatnaşmak bilen, tebigaty goramak ýaly sogaply işe öz mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýarlar. Meşhur şahyrymyz Gara Seýitliýew:

Köpugurly hyzmatlar, täzeçe çemeleşmeler

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, eziz Watanymyz yklymlary birleşdirýän örän möhüm merkezleriň birine öwrüldi. Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzyň ulag düzümleri ýükleri daşamakda içerki we daşarky bazarlarda öz mynasyp ornuny barha berkidýär. Bu babatda hojalyk jemgyýetleridir hususy kärhanalaryň hem mynasyp paýy bar. «Halkara dostluk» hususy kärhanasy-da şeýle düzümleriň biri. Golaýda biz kärhananyň işgärler bölüminiň başlygy Gözel MEREDOWA bilen söhbetdeş bolduk. — Gözel, hususy kärhanaňyz ulag-logistika hyzmatlaryny amala aşyrmakda ýeterlik tejribe toplapdyr. Bu ugurda durmuşa geçirýän işleriňiz barada gürrüň beräýseňiz!

Dostluga uzaýan ýollar

Ählumumy parahatçylygy hem howpsuzlygy üpjün etmäge önjeýli goşant goşmak, BMG-niň adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, sebitde we dünýäde dostluk gatnaşyklaryny, ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmek, ykdysady gatnaşyklary deňhukukly ýola goýmak, ynamdar we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlary artdyrmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran sapary we olaryň netijeleri esasynda gol çekilen ylalaşyklar hem munuň şeýledigini subut etdi. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk, «Açyk gapylar», netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Günorta-Gündogar Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şeýle-de dünýäniň birsydyrgyn ösýän ykdysadyýetleriniň biri bolan Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda ähmiýetli ädim ädildi. Şeýle ýokary netijeler hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynda-da öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň gürrüňi edilýän iş sapary we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikle

Döwletli maksatlar bilen aýdyň ertirlere ak ýol

Biz her gezek gojaman Köpetdaga nazarymyz düşende, «Bu dagyň aňyrsynda goňşy Eýran döwleti bar» diýýäris. Bu pikir türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň 30 – 31-i aralygynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň ilkinji pursatlarynda hem sere geldi. Birek-birege «Ýol bolsun!» diýip, uçara «atlananymyzdan», «howa gämisi» derrew belentlige göterildi. Gojaman Köpetdagyň bulutlara golaý buýsançly başlaryny synlap barşymyza howa giňişligini böwsüp uçup barýan uçarymyz bizi gadymy şäheriň üstünden eltdi. Ady dag bilen bagly bolansoň, gadymy Tähran şäheri daglaryň jümmüşinde ýerleşýän eken. Şonda kärdeşlerimiz bilen dostlukly ýurduň halkara howa menzilinde durkak, öz aramyzda biz hakynda «Ho-ol dagyň aňyrsynda türkmenler ýaşaýar» diýip, megerem, ýerli halk hem pikir ýüwürdýändir diýişdik.

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralyp, ol bu ugurda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemäge, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň, taslamalarynyň durmuşa geçirilişinde ýetilen üstünlikler hem-de sepgitler bilen giň dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga gönükdirilen çäre bolup durýar.

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralyp, ol bu ugurda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemäge, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň, taslamalarynyň durmuşa geçirilişinde ýetilen üstünlikler hem-de sepgitler bilen giň dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga gönükdirilen çäre bolup durýar.

Halklary ýakynlaşdyrýan medeni köprüler

türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkidýär Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen medeniýeti, sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, dost-doganlygyň köprüsi bolup, Ýer ýüzüniň çar künjegine uzaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýä ýurtlarynyň birnäçesinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň guralmagy hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Ýakynda Ermenistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri bolsa medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertlerini, döredijilik duşuşyklaryny, amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisini, ylmy maslahaty öz içine almak bilen, milli mirasymyzy, häzirki ýeten üstünliklerimizi giňden açyp görkezmek arkaly türkmen we ermeni halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmegiň ýolunda möhüm waka boldy.

Dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Saparyň dowamynda dost-doganlyk döwletleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda depginli ösdürilýän hyzmatdaşlyga täze badalga beriljekdigine berk ynam bildirildi. Bu saparyň öňüsyrasynda Duşenbede Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, bilelikdäki işewürlik geňeşiniň birinji mejlisi we iki ýurduň eksport ugurly harytlarynyň sergisi geçirildi. Işewürlik forumynyň netijeleri boýunça 20-den gowrak resminama gol çekilmegi geljekde bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny aýdyň kesgitledi. Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başyndaky halkara maslahatda hem ikitaraplaýyn ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan — BSG: geljegi uly hyzmatdaşlyk

Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysady taýdan bedew bady bilen ösýär. Durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler esasynda halk hojalygynyň pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrylýan ýurdumyz dünýä hojalygynda eýeleýän möhüm ornuny has-da pugtalandyrýar. Muňa Garaşsyz döwletimiziň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen geljegi uly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, 2-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly meselelere hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda netijeli we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýan Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýeti ýurdumyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde wekiliýetiň ýurdumyz bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek babatda bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, birnäçe pudaklaýyn edaralarda duşuşyklar geçirildi.

Dünýäniň sebitlerinde TOPH taslamasyna gyzyklanma ýokarlanýar

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisine soňky döwürde daşary döwletlerde, şol sanda sebitiň bu iri taslamasyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda gyzyklanma has ýokarlanýar. Bu diňe Aziýanyň däl, eýsem, Ýewropa döwletleriniň türkmen gazyna gyzyklanmasynyň artýandygy bilen baglydyr. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistany halkara möçberinde iri gaz eksport ediji döwletleriň sanawynda öňdäki orunlara geçirer we ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine täsirini artdyrar. Bu ugurda Pakistan tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtaýar. Owganystan hem TOPH taslamasy üçin ýörite güýçleri jemlemäge taýýar. Bu barada Pakistandaky «Business Recorder» gündelik maliýe gazeti ýazýar. Habarda bellenilmegine görä, turba geçirijiden üstaşyr girdejiler Owganystanyň döwlet býujetiniň 80%-den 85%-e çenli möçberini emele getirer. Bu bolsa onuň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hökmany ýagdaýyny talap edýär. Owgan ykdysatçylarynyň pikirine görä, TOPH taslamasy ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin möhümdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi geosyýasy, ykdysady tarapdan Owganystanyň ornuny berkider we bu ýurduň elektrik energiýasyna we gaza bolan zerurlygyny kanagatlandyrar.

MIZEMEZ DOSTLUK, YKDYSADY HOWPSUZLYK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK

Öz işini sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly döwrebap derejede guraýan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu günki gün halkara gümrük hyzmatdaşlygyny has-da ýokarlandyrýar. Serhetleşýän goňşy döwletler we beýleki ýurtlar bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk özüniň oňyn netijelerini berip, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini artdyrmaga, eksport harytlarynyň möçberlerini ýokarlandyrmaga uly itergi berýär. Diňe maý aýynyň dowamynda üç döwletiň gümrük edaralary bilen, ýagny Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakyndaky Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri «ASYCUDA» we «Bir penjire» ulgamlary boýunça Dubaýda geçirilen sebitleýin okuw çäresine gatnaşdylar

22 – 26-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak bölüminiň işgärleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «ASYCUDA» we «Bir penjire» ulgamlary boýunça geçirilen sebitleýin okuw çäresine gatnaşdylar. Okuw çäresi Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (UNCTAD) we Dubaýyň halkara ynsanperwer merkeziniň goldawy bilen, «ASYCUDA» we «Bir penjire» ulgamlaryny ulanyjy ýurtlaryň gümrük edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin «UNCTAD» usulyýet çäreleriniň çäginde guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti: eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan TDHÇMB-nyň işini döwrebaplaşdyrmak möhüm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan baş edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, işleriň bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda guralmagyna, ýokary tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri barada habar berdi.

Aşgabatdan Tährana uzaýan dostluk ýoly

türkmen-eýran gatnaşyklarynyň täze gözýetimlerini açdy Eýran! Orta Gündogaryň bu ýurduny köpler Gündogar ertekilerindäki ýaly köp adamly bazarlary, gadymy şa köşkleridir täsin metjitleri bilen tanasa, kimseler nebitdir gazy, şöhratly halylary, meşhur hurmasydyr şirin miweleri bilen göz öňüne getirýär. Sözüň, çeper edebiýatyň muşdaklarynyň ony «Şygryýetiň ýurdy» diýip ykrar etmeklerem juda hakykata laýyk. Çünki bu toprak Firdöwsi, Saady, Hafyz ýaly söz şalygynyň «bilbillerinem» dünýä beren mekan. Biziň üçin bolsa Eýran serhetdeş ýurt — duldegşir goňşy, asyrlaryň synagyndan geçen gadyrly dost hem ygtybarly hyzmatdaşdyr.

Sagdyn geljegiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Bu günki gün netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we saglygy goraýyşda tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem uzak ýyllaryň dowamynda dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyn ylmy-akademiki gatnaşyklary alyp barýar. Ýokary okuw mekdebiniň işjeň gatnaşmagynda Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde «Türkmenistanda telelukmançylyk boýunça häzirki zaman okuw düzümini kämilleşdirmek» atly halkara taslamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bu ugurda ädilen ilkinji şowly ädimleriň biri boldy. Taslamanyň işine lukmançylyk uniwersitetinden başga-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi, şeýle hem Ýewropa ýurtlaryndan Ispaniýa Patyşalygynyň Kordowa, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Koblenz-Landau, Polşanyň Mariýa Kýuri-Sklodowskaýa uniwersitetleri we beýlekiler gatnaşdylar. Taslamanyň çäklerinde täze tehnologiýalara daýanýan innowasion usullar, hususan-da, uzak aralykdan okatmagyň we lukmançylyk maslahatlaryny bermegiň halkara tejribesi doly özleşdirilip, bu işleriň tehniki-aragatnaşyk binýady ýola goýuldy. Okuw maksatnamasyna telelukmançylyk dersi girizildi. Bu taslama täze tejribäniň mundan beý

Türkmenistan — ÝHHG: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. 1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etmegi hem-de duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy muny aýdyňlygy bilen subut etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen «EcoPorts» güwänamalaryny gowşurdy. Şeýle hem ol ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistan — Eýran Yslam Respublikasy: gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklary ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ähli esasy ugurlardaky, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli dialogyň okgunly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şoňa görä-de, 30-31-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iki günlük iş sapary aýratyn ähmiýete eýedir. ZERUR TAGALLALAR: MÖHÜM UGURLAR IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR

Üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn ýoly

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de durmuş-ykdysady ösüşde üstünlik gazanan ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şoňa görä-de, duşuşygyň dowamynda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň biziň ýurdumyza şu gezekki saparynyň türkmen kärdeşleri bilen anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin oňyn mümkinçilik açjakdygyna ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, iri koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda üstünlikli işleýändikleri, iri taslamalaryň, şol sanda gaz we himiýa senagatynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Şunda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk, täze ugurlara çykmak üçin uly kuwwatyň bardygy nygtaldy.

Ekologik wezipeler oýlanyşykly çözülmelidir

29-njy maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin görülýän çäreler babatda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň garaýyşlaryndan ugur alnyp, bu meseläniň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy ekologik wezipeleri çözmek hem-de daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen baglanyşykly antropogen ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak ulgamynda ýurdumyzyň garaýyşlary beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özara bähbitlere, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmäge gyzyklanmalary tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýokarda agzalan ugurlar boýunça binýatlaýyn halkara resminamalara goşulmak bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Işewürlik. Netijelilik. Ynanyşmak

29-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň ulag, gaz we himiýa senagaty ýaly möhüm ugurlarynda köp ýyllardan bäri üstünlikli işleýärler. Türkmenistana ýeňil ulaglar we belli «Hyundai» kysymly ýolagçy awtobuslary yzygiderli ugradylýar. Ulag-logistika ugry boýunça gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Halkara ýük daşamalaryň iri üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işini öňdebaryjy tejribä laýyklykda guramaga aýratyn ähmiýet berilýär.