Sagdyn geljegiň bähbidine hyzmatdaşlyk

3 Iýun 2023
543

Bu günki gün netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we saglygy goraýyşda tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem uzak ýyllaryň dowamynda dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyn ylmy-akademiki gatnaşyklary alyp barýar.

Ýokary okuw mekdebiniň işjeň gatnaşmagynda Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde «Türkmenistanda telelukmançylyk boýunça häzirki zaman okuw düzümini kämilleşdirmek» atly halkara taslamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bu ugurda ädilen ilkinji şowly ädimleriň biri boldy. Taslamanyň işine lukmançylyk uniwersitetinden başga-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi, şeýle hem Ýewropa ýurtlaryndan Ispaniýa Patyşalygynyň Kordowa, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Koblenz-Landau, Polşanyň Mariýa Kýuri-Sklodowskaýa uniwersitetleri we beýlekiler gatnaşdylar. Taslamanyň çäklerinde täze tehnologiýalara daýanýan innowasion usullar, hususan-da, uzak aralykdan okatmagyň we lukmançylyk maslahatlaryny bermegiň halkara tejribesi doly özleşdirilip, bu işleriň tehniki-aragatnaşyk binýady ýola goýuldy. Okuw maksatnamasyna telelukmançylyk dersi girizildi. Bu taslama täze tejribäniň mundan beýläk-de lukmançylyk amalyna we bilim beriş ulgamyna ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy.

Orazgylyç ORAZGYLYJOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.