Üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn ýoly

2 Iýun 2023
421

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.

Işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de durmuş-ykdysady ösüşde üstünlik gazanan ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şoňa görä-de, duşuşygyň dowamynda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň biziň ýurdumyza şu gezekki saparynyň türkmen kärdeşleri bilen anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin oňyn mümkinçilik açjakdygyna ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, iri koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda üstünlikli işleýändikleri, iri taslamalaryň, şol sanda gaz we himiýa senagatynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Şunda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk, täze ugurlara çykmak üçin uly kuwwatyň bardygy nygtaldy.

«Nesil».