Halklary ýakynlaşdyrýan medeni köprüler

6 Iýun 2023
427

türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkidýär

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen medeniýeti, sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, dost-doganlygyň köprüsi bolup, Ýer ýüzüniň çar künjegine uzaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýä ýurtlarynyň birnäçesinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň guralmagy hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Ýakynda Ermenistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri bolsa medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertlerini, döredijilik duşuşyklaryny, amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisini, ylmy maslahaty öz içine almak bilen, milli mirasymyzy, häzirki ýeten üstünliklerimizi giňden açyp görkezmek arkaly türkmen we ermeni halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmegiň ýolunda möhüm waka boldy.

Resul AMANGELDIÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.