Işewürlik. Netijelilik. Ynanyşmak

2 Iýun 2023
360

29-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň ulag, gaz we himiýa senagaty ýaly möhüm ugurlarynda köp ýyllardan bäri üstünlikli işleýärler. Türkmenistana ýeňil ulaglar we belli «Hyundai» kysymly ýolagçy awtobuslary yzygiderli ugradylýar. Ulag-logistika ugry boýunça gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Halkara ýük daşamalaryň iri üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işini öňdebaryjy tejribä laýyklykda guramaga aýratyn ähmiýet berilýär.

«Nesil».