Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri «ASYCUDA» we «Bir penjire» ulgamlary boýunça Dubaýda geçirilen sebitleýin okuw çäresine gatnaşdylar

5 Iýun 2023
475

22 – 26-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak bölüminiň işgärleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «ASYCUDA» we «Bir penjire» ulgamlary boýunça geçirilen sebitleýin okuw çäresine gatnaşdylar.

Okuw çäresi Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (UNCTAD) we Dubaýyň halkara ynsanperwer merkeziniň goldawy bilen, «ASYCUDA» we «Bir penjire» ulgamlaryny ulanyjy ýurtlaryň gümrük edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin «UNCTAD» usulyýet çäreleriniň çäginde guraldy.

Çeşme: www.customs.gov.tm