MIZEMEZ DOSTLUK, YKDYSADY HOWPSUZLYK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK

5 Iýun 2023
482

Öz işini sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly döwrebap derejede guraýan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu günki gün halkara gümrük hyzmatdaşlygyny has-da ýokarlandyrýar. Serhetleşýän goňşy döwletler we beýleki ýurtlar bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk özüniň oňyn netijelerini berip, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini artdyrmaga, eksport harytlarynyň möçberlerini ýokarlandyrmaga uly itergi berýär.

Diňe maý aýynyň dowamynda üç döwletiň gümrük edaralary bilen, ýagny Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakyndaky Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekildi.

Kerwenmuhammet ARTYKOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.