Türkmen tebigatynyň dosty

7 Iýun 2023
612

Türkmenistanda işleýän diplomatlardyr olar bilen işleşýän dürli kärdäki adamlaryň, paýtagtymyzy ýaşyl bossanlyga büremäge goşant goşýan ululardyr ýaşlaryň arasynda Dubrawka Ýowanowiç diýilýän zenany tanamaýan az-azdyr, megerem. Ol Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonsonyň maşgalasy. Ekologiýany goramagyň işjeň tarapdary bolan bu zenany «türkmen tebigatynyň hakyky dosty» diýip atlandyrsagam, söz ulaltdygymyz bolmaz. Ýanýoldaşynyň diplomatik missiýasy bilen baglylykda, olar indi üç ýyldan gowrak wagt bäri Aşgabatda ýaşaýarlar. Şu geçen döwrüň içinde Dubrawka Ýowanowiç dürli bag nahallarynyň müňlerçe düýbüni oturdyp, paýtagtymyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge öz şahsy goşandyny goşup gelýär.

Asylly işiň tarapdaram köp bolýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler bu gün diňe bir watandaşlarymyzy däl, eýsem, ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan we zähmet çekýän köp sanly daşary ýurt raýatlaryny-da biparh goýmaýar. Olar hem köpçülikleýin bag ekmek dabaralaryna, dürli görnüşli ekoçärelere işjeň gatnaşmak bilen, tebigaty goramak ýaly sogaply işe öz mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýarlar. Meşhur şahyrymyz Gara Seýitliýew:

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».