Türkmenistan — ÝHHG: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

2 Iýun 2023
482

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. 1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etmegi hem-de duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy muny aýdyňlygy bilen subut etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen «EcoPorts» güwänamalaryny gowşurdy. Şeýle hem ol ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

"Nesil".