Türkmenistan — BSG: geljegi uly hyzmatdaşlyk

5 Iýun 2023
489

Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysady taýdan bedew bady bilen ösýär. Durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler esasynda halk hojalygynyň pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrylýan ýurdumyz dünýä hojalygynda eýeleýän möhüm ornuny has-da pugtalandyrýar. Muňa Garaşsyz döwletimiziň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen geljegi uly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly meselelere hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda netijeli we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýan Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýeti ýurdumyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde wekiliýetiň ýurdumyz bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek babatda bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, birnäçe pudaklaýyn edaralarda duşuşyklar geçirildi.

Ýulduz NURGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.