Aşgabatdan Tährana uzaýan dostluk ýoly

3 Iýun 2023
431

türkmen-eýran gatnaşyklarynyň täze gözýetimlerini açdy

Eýran! Orta Gündogaryň bu ýurduny köpler Gündogar ertekilerindäki ýaly köp adamly bazarlary, gadymy şa köşkleridir täsin metjitleri bilen tanasa, kimseler nebitdir gazy, şöhratly halylary, meşhur hurmasydyr şirin miweleri bilen göz öňüne getirýär. Sözüň, çeper edebiýatyň muşdaklarynyň ony «Şygryýetiň ýurdy» diýip ykrar etmeklerem juda hakykata laýyk. Çünki bu toprak Firdöwsi, Saady, Hafyz ýaly söz şalygynyň «bilbillerinem» dünýä beren mekan. Biziň üçin bolsa Eýran serhetdeş ýurt — duldegşir goňşy, asyrlaryň synagyndan geçen gadyrly dost hem ygtybarly hyzmatdaşdyr.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».