Dünýäniň sebitlerinde TOPH taslamasyna gyzyklanma ýokarlanýar

5 Iýun 2023
399

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisine soňky döwürde daşary döwletlerde, şol sanda sebitiň bu iri taslamasyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda gyzyklanma has ýokarlanýar.

Bu diňe Aziýanyň däl, eýsem, Ýewropa döwletleriniň türkmen gazyna gyzyklanmasynyň artýandygy bilen baglydyr. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistany halkara möçberinde iri gaz eksport ediji döwletleriň sanawynda öňdäki orunlara geçirer we ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine täsirini artdyrar. Bu ugurda Pakistan tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtaýar. Owganystan hem TOPH taslamasy üçin ýörite güýçleri jemlemäge taýýar. Bu barada Pakistandaky «Business Recorder» gündelik maliýe gazeti ýazýar. Habarda bellenilmegine görä, turba geçirijiden üstaşyr girdejiler Owganystanyň döwlet býujetiniň 80%-den 85%-e çenli möçberini emele getirer. Bu bolsa onuň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hökmany ýagdaýyny talap edýär. Owgan ykdysatçylarynyň pikirine görä, TOPH taslamasy ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin möhümdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi geosyýasy, ykdysady tarapdan Owganystanyň ornuny berkider we bu ýurduň elektrik energiýasyna we gaza bolan zerurlygyny kanagatlandyrar.

Ýazgül UDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.