Dostluga uzaýan ýollar

6 Iýun 2023
437

Ählumumy parahatçylygy hem howpsuzlygy üpjün etmäge önjeýli goşant goşmak, BMG-niň adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, sebitde we dünýäde dostluk gatnaşyklaryny, ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmek, ykdysady gatnaşyklary deňhukukly ýola goýmak, ynamdar we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlary artdyrmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran sapary we olaryň netijeleri esasynda gol çekilen ylalaşyklar hem munuň şeýledigini subut etdi.

Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk, «Açyk gapylar», netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Günorta-Gündogar Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şeýle-de dünýäniň birsydyrgyn ösýän ykdysadyýetleriniň biri bolan Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda ähmiýetli ädim ädildi. Şeýle ýokary netijeler hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynda-da öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň gürrüňi edilýän iş sapary we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklar hem ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň gazanan üstünligidir.

Mähri JOMMYÝEWA,
Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölüminiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň agzasy.