Dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

5 Iýun 2023
506

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Saparyň dowamynda dost-doganlyk döwletleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda depginli ösdürilýän hyzmatdaşlyga täze badalga beriljekdigine berk ynam bildirildi.

Bu saparyň öňüsyrasynda Duşenbede Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, bilelikdäki işewürlik geňeşiniň birinji mejlisi we iki ýurduň eksport ugurly harytlarynyň sergisi geçirildi. Işewürlik forumynyň netijeleri boýunça 20-den gowrak resminama gol çekilmegi geljekde bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny aýdyň kesgitledi. Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başyndaky halkara maslahatda hem ikitaraplaýyn ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Saglyk».