"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Kanunlar düşündirilýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokarlanýar. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda täze-täze üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Ata Watanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Munuň özi özgertmeleriň gerim almagyna mümkinçilik döredýär.

Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar

Ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. «Iki palataly parlament ulgamy — döwlet esaslaryny pugtalandyrmagyň kepili» ady bilen geçirilen maslahaty ýurdumyzyň Demokratik, Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalary Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Zenanlar birleşigi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guradylar. Maslahatyň barşynda, Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda 28-nji martda geçirilen saýlawlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky orny barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu saýlawlar türkmen döwletiniň demokratik ýörelgelerini, halk häkimiýetliliginiň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Ýokary derejede geçirilen saýlawlar türkmen jemgyýetiniň bitewüligini hem-de jebisligini, halkymyzyň milli Liderimiziň alyp barýan syýasatyny doly goldaýandygyny ýene bir ýola görkezdi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy ýurt Baştutanymyza halkyň ynamynyň çäksizdiginiň subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyza saýlawçylaryň ýüz göterimi ses berdi.

Dün­ýä tej­ri­be­si­ni iş­jeň ula­nyp

Geçen ýekşenbede her güni şanly wakalara beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda ýene-de bir möhüm ähmiýetli syýasy çäre — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary agzybirlikde, asudalykda we giň demokratik şertlerde guramaçylykly geçirildi. Il-ýurt bähbitli syýasy çäräniň ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň milli saýlaw ulgamyna häzirki zaman dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Raýatlygyň milli we halkara hukuk kadalary bilen utgaşykly ösüşi

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdy özgertmäge gönükdirilen maksada okgunly syýasatynyň ilkinji miweleri bütin dünýäni haýran galdyrýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň öňe gitmegine, Türkmenistanyň abraýynyň dünýäde ykrar edilmegine ýardam edýär. Adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklary bilen bir hatarda, onuň raýatlyga bolan hukugyny we azatlyklaryny durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýörelgelerini we hukuk esaslaryny berkitmek ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän hem-de dünýä bileleşiginiň doly goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýan oňyn başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanunçylyk kepillikleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip yglan eden döwletimizde halkara hukugynda göz öňünde tutulan we milli kanunçylykda kepillendirilen esasy hukuklary we azatlyklary üpjün etmek üçin ähli şertler döredilmelidir» diýmek bilen, adamyň we raýatyň halkara hukugynyň kadalarynda kesgitlenen esasy hukuklaryny ykrar etmegiň we olara sarpa goýmagyň möhümdigini nygtaýar.

Jümjüme (rus tymsaly)

Bahar jümle-jahany gül-gülälek bilen bezäp çykanda, tokaýyň gyrasyndaky açyklykda jümjüme-de peýda boldy. Ol töwerek-daşy işdämenlik bilen synlap oturyşyna öz ýanyndan: «Bu dünýä nähili owadan» diýip pikir etdi. Şol wagtam onuň gözi argyn halda zordan ýöräp gelýän aýa düşdi. — Halyň gaty teň görünýär-le? — diýip, jümjüme oňa habar gatdy.

Arkadagyň sahawat nury

Gahryman Arkadagymyzyň her bir başlangyjynda sahawat nury, ýagşylyk şöhlesi şugla saçýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky başlangyçlara badalga berilmegi milli Liderimiziň alyp barýan köptaraply işiniň ýene-de bir nusgalyk mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda» Karara gol çekmegi, öz gazanjyndan ilkinji bolup täze döredilen haýyr-sahawat gaznasyna serişde goýmagy sahawatly däp-dessurlarymyzyň dowamat-dowam bolmagynyň hatyrasyna alnyp barylýan göreldelik ýörelgedir. Onuň esasynda ynsan ykballary, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesliň bagtyýar durmuşy baradaky alada durýar. Şeýle-de milli Liderimiziň sahawatly başlangyçlarynyň nurana mazmuny öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetiniň bardygyny aýan edýär» diýip, bellemek bilen, olaryň ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýandygyna ünsi çekmegi häzirki bagtyýar zamanamyzda aln

Hoşallyk maslahaty

Sarahs etrap Medeniýet öýünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Etrap häkimligi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdy. Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy A.Rejepgulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy B.Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy W.Ýazgylyjow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy B.Ballyýew dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, erjellik, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler hem-de bu haýyr-sahawat gaznasynyň döredendigi üçin milli Liderimiziň adyna ýürekden çykýan buýsançly sözlerini beýa

Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar

Öňňin döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy mynasybetli Änew şäherindäki Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi, welaýat häkimligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Mejlisiň deputatlarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň hem-de mährem eneleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Ak bugdaý etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň müdiri, Mejlisiň deputaty Möwlam Öräýewiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň çykyşlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýakynda bolan ilkinji saýlawlary Türkmenistan döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalanýandygynyň, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolýandygynyň dabaralanmasyna öwrülendigi barada aýdyldy. Olar çykyşlarynda üstünlikli geçen şol taryhy saýlawlarda Gahryman Arkadagymyzyň saýlawçylaryň 100 göterim sesini almagy ildeşlerimiziň milli Liderimize bolan belent ynamyny nobatdaky gezek ýüze çykarandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Resul IŞANGULYÝEW, TürkmenistanyňDemokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy:

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Berkarar Watanymyzda amala aşyrýan özgertmelerimiz netijesinde uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşler bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Netijede, ata-babalarymyzyň berk binýatly döwlet gurmak hakyndaky arzuwlarynyň durmuşa geçirilýändigi dünýä ýüzüne aýan bolýar. Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň yrylmaz döwletliligi, rysgalynyň bollugy, niýetiniň-päliniň bolsa, diňe ýagşylyga ýugrulandygy üçin ynsan kalplary şatlyga we buýsanja beslenýär. Ata-babalarymyz şu gymmatlyklary, ýagny, döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pes pälliligi, ynsanperwerligi ömrüniň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, biz ýaşlarymyzda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýäris. Biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetleriniň bardygyny aýan edýär. Sebäbi, olar adamlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýar. Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek hem pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir.

Ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlygy

Işden soň ýa-da dynç alyş günümde gazet toplumyny sahypama-sahypa agdaryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleriniň, milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça gazanylýan üstünlikleriň sene ýazgysy bolan resmi materiallara gaýtadan ser salmak endigim bar. Bu meniň üçin boş wagtymy peýdaly hem netijeli geçirmegiň, žurnalist hökmünde ilkinji nobatda zerur bolan maglumat gorumy artdyrmagyň bir usuly.  Bu usulyň berýän ruhy lezzeti-de üýtgeşik. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän, il-ýurt bähbidine gönükdirilen işleri ildeşlerimizde bolşy ýaly, köňlümde kanagatlanma, hoşallyk duýgusyny döredýär. Milli Liderimiziň oňyn özgertmeleri, parasatly baştutanlygy bilen eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklere tarap öňe gidýändigi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana söýgimizi artdyrýar.

Halyçylaryň hünär bäsleşigi

Şu günler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda bilelikde yglan eden baýramçylyk bäsleşiginiň şäherdir etrap tapgyrlary dowam edýär. «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň nobatdaky tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylykly we gyzykly ýagdaýda geçýär. GÖKDEPE. Etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde geçirilen «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň etrap tapgyryna halyçy zenanlaryň birnäçesi gatnaşyp, hünär babatdaky başarnygyny görkezdiler. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen geçirilen bäsleşige gatnaşyjy zenanlaryň onuň «Türkmeniň kalby — türkmen halysy», «Gadymy we müdimi sungat», «Kesbi-kärim nesillere görelde» diýlip, atlandyrylan şertleri boýunça ýerine ýetiren çykyşlary uly täsirleri döretdi.

Baýram han türkmen — watançylygyň we merdanalygyň mekdebi

Öňňin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara forum geçirildi. Bu möhüm çäräni guraýjylar bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy çykyş edýärler. Halkara forum onlaýn görnüşde guralyp, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan meşhur alymlar, gündogarşynaslar, jemgyýetçilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ylmy merkezleriň alymlary, hünärmenleri gatnaşdylar. Wekilçilikli forum işini bölümleriň dördüsi boýunça gurady. Olarda çykyşlara giň orun berildi. Alymlaryň we hünärmenleriň belleýişleri ýaly, Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we döredijiligi Watana hyzmat etmegiň mertlik mekdebidir. Türkmen halkynyň taryhynda parahatçylykly ýoluň ösdürilendigini, ynsanperwerligiň ýörelgesini görmek bolýar. Baýram han Türkmeniň hem ömri we döredijiligi muny aýdyň beýan edýär.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

AŞGABAT, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Watansöýüjiligiň kämil nusgasy

Durmuşda bahasyny ölçäp bolýan hem-de bolmaýan gymmatlyklar bar. ªol bahasyny ölçäp bolmaýan gymmatlyklaryň biri-de Watandyr. Watana bolan söýgi her bir ynsanyň kalbyna ene süýdi bilen siňýär. Ynsan üçin öz ata Watany, ene topragy, onuň dagy-düzi, çölleri, derýalary... ýürege ýakyn hem mähremdir. «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky: «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan — ölinçä», «Towşana dogduk depe» ýaly nakyllar halkymyzyň Watana goýýan hormatynyň, ýurduna bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň aýdyň nusgasydyr. Guşa öz höwürtgesinden, boz jerene ýaýlasyndan, algyr bürgüde gaýasyndan eziz zadyň bolmaýşy ýaly, biziň üçin hem Watanymyzdan eziz zat ýokdur. Watan adamyň genji-hazynasy, göbek ganynyň daman ýeridir.

Howandarlygyň beýik göreldesi

Hormatly Prezidentimiziň «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» gol çeken Karary ýurdumyzda ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerilýändiginiň nobatdaky güwänamasy boldy. Howandarlyga mätäç çagalary goldamak halkymyza mahsus bolan asylly häsiýetleriň biridir. Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, onuň hasabynyň açylmagy, oňa Gahryman Arkadagymyzyň ilkinji bolup serişde goýmagy ulus-ilimiz üçin nusga alarlyk görelde boldy. Bu hoş habardan göwni ganatlanan ildeşlerimiz hat üsti bilen redaksiýamyza ýollaýan ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler. Joramyrat  BEGENJOW,Halaç etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

Ene ýüregi

Dünýäniň görki, gözelligi, ynsanyň soňlanmajak aýdymy — ene! Adamyň ýaşaýşy, ömri ene bilen bagly. Onuň dünýä bolan söýgüsi enäniň üsti bilen kemala gelýär. Ene bolmak, janyňdan jan beren perzendiňi bagryňa basyp, ese-boýa galýança azabyny çekip, gijeleriň ukusyny gurban etmegiň özem özboluşly bagtdyr. Eneleriň kalbyndan mähir, ýylylyk çogup çykýar. Ene hüwdüsiniň keramatly owazy — çaganyň dünýä gelip, ilkinji diňleýän aýdymy. Şol aýdymyň üsti bilen bolsa, ene öz çagasyna durmuşyň ähli süýjüliklerini geçirmelidir. Perzendiň gözleriniň hanasy enäniň söýgi ummanynyň mähri bilen dolmalydyr.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Ak hem gara çöller Müsürde ýerleşýän ak we gara çöller tebigatyň döreden täsinlikleridir. 300 inedördül kilometr meýdany bolan ak çölüň çägeleri ak görnüşi emele getirýärler. Millionlarça ýyl mundan ozal bu ýerde umman bolupdyr. Ol guransoň, deňiz jandarlarynyň galyndylary hek gatlaklaryny emele getiripdir. Çöldäki ak gaýalar hem özüne çekýär. Bu gaýalardan ýelleriň täsiri bilen dörän guşlaryň, kömelekleriň şekilleri edil adam elinden çykan ýalydyr. Şeýle şekilleriň ençemesi bolup, olaryň beýikligi 10-12 metre ýetýär.

Arzuwlaryň amala aşýan ýurdy

«Bagtyýar çagalyk biziň ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr, şöhratymyzdyr» diýip, milli Liderimiz belleýär. Çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy ýurdumyzyň umumy ykrar edilen halkara kadalara hem-de çuňňur ynsanperwer milli ýörelgelere esaslanýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi we onuň hasaplary açyldy. Türkmenistanyň Mejlisi «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda» karar kabul etdi. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň şu güni we geljegi hakyndaky ýadawsyz tagallalary göz öňünde tutulyp, täze döredilen gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy has-da buýsandyryjydyr.

Aşgabat — ösüşleriň mekany

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzda iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnama şäheriň düzümlerini kemala getirmäge innowasion çemeleşmä, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna barýan günlerimizde mähriban Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli tutumly işleri her bir türkmenistanlynyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny goşalandyrýar.