Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar

2 Aprel 2021
776

Ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. «Iki palataly parlament ulgamy — döwlet esaslaryny pugtalandyrmagyň kepili» ady bilen geçirilen maslahaty ýurdumyzyň Demokratik, Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalary Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Zenanlar birleşigi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guradylar.

Maslahatyň barşynda, Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda 28-nji martda geçirilen saýlawlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky orny barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu saýlawlar türkmen döwletiniň demokratik ýörelgelerini, halk häkimiýetliliginiň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Ýokary derejede geçirilen saýlawlar türkmen jemgyýetiniň bitewüligini hem-de jebisligini, halkymyzyň milli Liderimiziň alyp barýan syýasatyny doly goldaýandygyny ýene bir ýola görkezdi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy ýurt Baştutanymyza halkyň ynamynyň çäksizdiginiň subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyza saýlawçylaryň ýüz göterimi ses berdi.

Ene MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.