Ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlygy

1 Aprel 2021
769

Işden soň ýa-da dynç alyş günümde gazet toplumyny sahypama-sahypa agdaryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleriniň, milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça gazanylýan üstünlikleriň sene ýazgysy bolan resmi materiallara gaýtadan ser salmak endigim bar. Bu meniň üçin boş wagtymy peýdaly hem netijeli geçirmegiň, žurnalist hökmünde ilkinji nobatda zerur bolan maglumat gorumy artdyrmagyň bir usuly. 

Bu usulyň berýän ruhy lezzeti-de üýtgeşik. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän, il-ýurt bähbidine gönükdirilen işleri ildeşlerimizde bolşy ýaly, köňlümde kanagatlanma, hoşallyk duýgusyny döredýär. Milli Liderimiziň oňyn özgertmeleri, parasatly baştutanlygy bilen eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklere tarap öňe gidýändigi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana söýgimizi artdyrýar.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».