Howandarlygyň beýik göreldesi

31 Mart 2021
834

Hormatly Prezidentimiziň «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» gol çeken Karary ýurdumyzda ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerilýändiginiň nobatdaky güwänamasy boldy. Howandarlyga mätäç çagalary goldamak halkymyza mahsus bolan asylly häsiýetleriň biridir. Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, onuň hasabynyň açylmagy, oňa Gahryman Arkadagymyzyň ilkinji bolup serişde goýmagy ulus-ilimiz üçin nusga alarlyk görelde boldy. Bu hoş habardan göwni ganatlanan ildeşlerimiz hat üsti bilen redaksiýamyza ýollaýan ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.

Joramyrat  BEGENJOW,
Halaç etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty: