Dumly-duşdan dürli-dümen

31 Mart 2021
638

Ak hem gara çöller

Müsürde ýerleşýän ak we gara çöller tebigatyň döreden täsinlikleridir. 300 inedördül kilometr meýdany bolan ak çölüň çägeleri ak görnüşi emele getirýärler. Millionlarça ýyl mundan ozal bu ýerde umman bolupdyr. Ol guransoň, deňiz jandarlarynyň galyndylary hek gatlaklaryny emele getiripdir. Çöldäki ak gaýalar hem özüne çekýär. Bu gaýalardan ýelleriň täsiri bilen dörän guşlaryň, kömelekleriň şekilleri edil adam elinden çykan ýalydyr. Şeýle şekilleriň ençemesi bolup, olaryň beýikligi 10-12 metre ýetýär.