Halyçylaryň hünär bäsleşigi

1 Aprel 2021
734

Şu günler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda bilelikde yglan eden baýramçylyk bäsleşiginiň şäherdir etrap tapgyrlary dowam edýär. «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň nobatdaky tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylykly we gyzykly ýagdaýda geçýär.

GÖKDEPE. Etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde geçirilen «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň etrap tapgyryna halyçy zenanlaryň birnäçesi gatnaşyp, hünär babatdaky başarnygyny görkezdiler. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen geçirilen bäsleşige gatnaşyjy zenanlaryň onuň «Türkmeniň kalby — türkmen halysy», «Gadymy we müdimi sungat», «Kesbi-kärim nesillere görelde» diýlip, atlandyrylan şertleri boýunça ýerine ýetiren çykyşlary uly täsirleri döretdi.

SURATLARDA: bäsleşiklerden pursatlar.