Raýatlygyň milli we halkara hukuk kadalary bilen utgaşykly ösüşi

1 Aprel 2021
721

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdy özgertmäge gönükdirilen maksada okgunly syýasatynyň ilkinji miweleri bütin dünýäni haýran galdyrýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň öňe gitmegine, Türkmenistanyň abraýynyň dünýäde ykrar edilmegine ýardam edýär. Adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklary bilen bir hatarda, onuň raýatlyga bolan hukugyny we azatlyklaryny durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýörelgelerini we hukuk esaslaryny berkitmek ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän hem-de dünýä bileleşiginiň doly goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýan oňyn başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanunçylyk kepillikleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip yglan eden döwletimizde halkara hukugynda göz öňünde tutulan we milli kanunçylykda kepillendirilen esasy hukuklary we azatlyklary üpjün etmek üçin ähli şertler döredilmelidir» diýmek bilen, adamyň we raýatyň halkara hukugynyň kadalarynda kesgitlenen esasy hukuklaryny ykrar etmegiň we olara sarpa goýmagyň möhümdigini nygtaýar.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň 2-nji bölüminiň uly gözegçisi,içerki gullugyň maýory.