Hoşallyk maslahaty

1 Aprel 2021
707

Sarahs etrap Medeniýet öýünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Etrap häkimligi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdy.

Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy A.Rejepgulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy B.Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy W.Ýazgylyjow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy B.Ballyýew dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, erjellik, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler hem-de bu haýyr-sahawat gaznasynyň döredendigi üçin milli Liderimiziň adyna ýürekden çykýan buýsançly sözlerini beýan etdiler.

Gülbahar DURDYÝEWA,
Sarahs etrap hassahanasynyň maşgala lukmanlar bölüminiň müdiri.