Ene ýüregi

31 Mart 2021
1164

Dünýäniň görki, gözelligi, ynsanyň soňlanmajak aýdymy — ene! Adamyň ýaşaýşy, ömri ene bilen bagly. Onuň dünýä bolan söýgüsi enäniň üsti bilen kemala gelýär. Ene bolmak, janyňdan jan beren perzendiňi bagryňa basyp, ese-boýa galýança azabyny çekip, gijeleriň ukusyny gurban etmegiň özem özboluşly bagtdyr.

Eneleriň kalbyndan mähir, ýylylyk çogup çykýar. Ene hüwdüsiniň keramatly owazy — çaganyň dünýä gelip, ilkinji diňleýän aýdymy. Şol aýdymyň üsti bilen bolsa, ene öz çagasyna durmuşyň ähli süýjüliklerini geçirmelidir. Perzendiň gözleriniň hanasy enäniň söýgi ummanynyň mähri bilen dolmalydyr.

Aşyrbibi ANNAMYRADOWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy.