Arzuwlaryň amala aşýan ýurdy

31 Mart 2021
807

«Bagtyýar çagalyk biziň ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr, şöhratymyzdyr» diýip, milli Liderimiz belleýär. Çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy ýurdumyzyň umumy ykrar edilen halkara kadalara hem-de çuňňur ynsanperwer milli ýörelgelere esaslanýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi we onuň hasaplary açyldy. Türkmenistanyň Mejlisi «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda» karar kabul etdi. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň şu güni we geljegi hakyndaky ýadawsyz tagallalary göz öňünde tutulyp, täze döredilen gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy has-da buýsandyryjydyr.

Aýlar AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.