Arkadagyň sahawat nury

1 Aprel 2021
704

Gahryman Arkadagymyzyň her bir başlangyjynda sahawat nury, ýagşylyk şöhlesi şugla saçýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky başlangyçlara badalga berilmegi milli Liderimiziň alyp barýan köptaraply işiniň ýene-de bir nusgalyk mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda» Karara gol çekmegi, öz gazanjyndan ilkinji bolup täze döredilen haýyr-sahawat gaznasyna serişde goýmagy sahawatly däp-dessurlarymyzyň dowamat-dowam bolmagynyň hatyrasyna alnyp barylýan göreldelik ýörelgedir. Onuň esasynda ynsan ykballary, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesliň bagtyýar durmuşy baradaky alada durýar. Şeýle-de milli Liderimiziň sahawatly başlangyçlarynyň nurana mazmuny öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetiniň bardygyny aýan edýär» diýip, bellemek bilen, olaryň ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýandygyna ünsi çekmegi häzirki bagtyýar zamanamyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ynsanperwerlige ýugrulan milli ýörelgelerimizden kök-çeşme alýandygynyň aýdyň şöhlelenmesidir. Hormatly Prezidentimiz ejizi goldamagyň, mätäje hemaýat etmegiň hem pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridigini belläp, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».