Aşgabat — ösüşleriň mekany

31 Mart 2021
992

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzda iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnama şäheriň düzümlerini kemala getirmäge innowasion çemeleşmä, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna barýan günlerimizde mähriban Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli tutumly işleri her bir türkmenistanlynyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny goşalandyrýar.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.