"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sagdyn durmuş — nusgalyk ýörelge

Halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamzadyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy göreşmek, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak we Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen, ýurdumyzda temmäki bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak, ilatyň arasynda temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly täsiri boýunça wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyz temmäkä garşy göreş işinde beýleki ýurtlara nusgalyk görelde bolýar we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri özünde jemleýän Milli maksatnama hereket edýär. Şeýle-de ýurdumyzda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle-de temmäki ulanmakdan ejir çekýän raýatlara degişli maslahatlary bermek maksady bilen, Aşgabat şäherinde we ähli welaýat merkezlerinde «Ynam» merkezleri döredildi we «Ynam» telefonlary birikdirildi.

Tomus paslynda berjaý edilmeli düzgünler

Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasynyň örän uludygy hemmä mälim. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň gorag ulgamy pugtalanýar, bedende ýaşaýyş üçin zerur maddalar döreýär. Suw-duz çalşygy işjeňleşip, deri örtüginiň üsti bilen der arkaly artyk suwuklyk çykarylýar. Bu hadysanyň kadaly dowam etmegi üçin hökman günüň dowamynda arassa agyz suwunyň 1,5-2 litrini içmeli. Köpräk gök önümleri, ter miweleri iýmeli, olaryň şirelerini içmeli. Günüň dowamynda iýilýän nahar ýeňil we ýokumly, täze taýýarlanan bolmaly. Tomus paslynda lukmanlar çagalara hem-de ýaşuly adamlara, esasan, ir sagat 6-dan 9-a çenli we agşam 18-den soň, ýanyň bilen agyz suwunyň gerek mukdaryny alyp, pasla görä geýnip, daşarda gezmegi maslahat berýärler. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan wagty daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Tomsuň yssy howasynda daglara, açyk meýdanlara gezelençleri guramak maslahat berilmeýär. Daşary çykylanda Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, ýanyňyz bilen arassa agyz suwuny almak maslahat berilýär.

Gün şöhlesiniň saglyga täsiri

Gün şöhlesiniň adamyň saglygyna oňyn täsirlidigi hiç kimde-de şübhe döretmeýär. Onuň täsiri bilen bedende rahitiň, osteoporozuň, artrozuň, rak öýjükleriniň döremeginiň öňüni almaga ýardamly D witamini emele gelýär. Bu witaminiň gündelik mukdaryny almak üçin Günüň aşagynda 15 minutlap durmak ýeterlikdir. Gün şöhlesi ýeterlik kabul edilmedik halatlarynda bedende melatonin (uky gormony) aşa köp, serotonin (şatlyk gormony) bolsa gereginden az işlenilip çykarylýar. Netijede, adamyň keýpi gaçýar, ukusy tutýar, myşsalarynda we bogunlarynda agyry döreýär, ysgynsyzlyk ýüze çykýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin her gün irden 09:00-a çenli, öýlän 18:00-dan soň Gün batmanka ýarym sagatlap gezelenç etmek ýeterlikdir. Ultramelewşe şöhleler bakteriýalara garşy täsire eýedir. Inçekeselde, anginada, öýken sowuklamada (pnewmoniýa), beýleki ýokanç kesellerde, şeýle hem düwürtikler örende, süýjübaşda (ekzema), psoriazda, neýrodermitde Gün wannalaryny kabul etmek peýdalydyr. Günüň aşagynda juda köp durlanda ganda limfositleriň azalýandygyny, anginanyň, faringitiň, stomatitiň ýitileşýändigini, gerpesiň (uçuk) wirusynyň işjeňleşýändigini, öňüni alyş sanjymlarynyň täsiriniň gaçýandygyny hem unutmaň! Gün görejiň kütelmeginiň, göz torjagazlarynyň kabul etmek ukybynyň peselmeginiň öňüni alýar. Torjagazyň kadaly işlemegi üçin her gün daşarda 20 — 30 minutlap (gös-göni Gün şöhlesi düşýän ýerinde däl-de, eý

Tomusda berjaý edilmeli kadalar

Tomus paslynda ýiti Gün şöhlesinden goranmak üçin nah matalardan tikilen açyk reňkli eşikleri geýmeli, başyňy örtmeli. Howanyň aşa gyzmagy bilen bedeniň suwuklygy has köp sarp edýändigi üçin günüň dowamynda 1,5-2 litre golaý arassa suw içmeli.

Ary balynyň peýdasy

Adatça, dürli gaýraüzülmelerde, sowuklamada lukmanlarymyz, enelerimiz hem bal garylan gyzgynjak çaýy içmegi ündeýärler. Çünki içine bir çemçe ary bal atylan çaý ynsany akyl we fiziki ýadawlykdan açmaga ukyplydyr. Biz gündelik iýmitiň düzüminde 50 — 70 gram baly ulanmak bilen, 1-2 aýyň dowamynda gan aýlanyşymyzy, ýürek urşumyzy sazlap bilýäris. Üstünden müňlerçe ýylyň geçendigine garamazdan, balyň zaýalanmaýandygyny, hatda ysyny-da ýitirmeýändigini taryhy tapyndylar subut edýär. Tebigatyň ajaýyp önümleriniň biri bolan ary baly gadym wagtlardan bäri halk lukmançylygynda ulanylypdyr. Beýik ýunan alymy Gippokrat 2500 ýyl mundan ozal özüniň «Ýaralar hakynda» atly eserinde düzüminde bal bolan bejergileri getiripdir. Haçanda bedendäki ýaralara bal ýapylanda, ýaranyň ganamagy we limfalaryň gaýtgyny güýçlenýär. Şeýlelikde, ýara mehaniki taýdan ýuwulýar. Ýaradaky öýjükleriň iýmitlenmegi üçin şert döreýär. Olardan başga-da, bal köp mörjewleri ýok edýär. Bal haýal bitýän ýaralary bejermekde ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaýan melhemdir. Bal gadymy Rimde, Müsürde puluň ýerini tutup bilýän haryt bolupdyr. Bir zat satyn alynjak bolnanda, ony pul, mal ýa-da bal bilen tölemek mümkin eken. Häzirki wagtda kosmonawtlaryň gündelik iýmitiniň sanawynda ary baly hökmany iýmitdir. Ary baly bokurdak we agyz boşlugynyň kesellerini bejermekde we ýellenen ýogyn içegäni ýuwmakda çopantelpek gülüniň garyndy

Arassa suw — sagdynlygyň kepili

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, ýokanç keselleriň agramly bölegi içilýän, ulanylýan, düşülýän suwlaryň üsti bilen ýaýraýar. Suw adamzat ýaşaýşynda gündelik ulanylýar. Tomus paslynyň jöwzaly günleriniň başlanmagy bilen, adam bedeniniň suwa bolan talaby artýar. Arassa agyz suwunyň adam bedenine ýetirýän täsiri biçak uludyr. Adam ýadaw wagty mylaýym suwa ýüzüni ýuwsa-da, suwa düşse-de ýakymly täsir edýär.

Tomusda berjaý edilmeli kadalar

Şu günler howanyň gyzýandygy sebäpli, saglyk ýagdaýymyz bilen baglanyşykly, lukmanlar jöwzaly tomsuň bütin dowamynda aşakdaky kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler:

Gün şöhlesiniň täsiri

Günüň ýagty şöhlesi tebigatyň biziň ýurdumyza eçilen baýlyklarynyň biridir. Çünki Gün şöhlesi janly-jandar we ösümlik dünýäsi üçin egsilmez güýç we bereket çeşmesidir. Muňa garamazdan, tomus paslynyň gelmegi, howanyň gyzmagy netijesinde Günüň şöhlesinden dogry peýdalanmagymyz hem-de ygtybarly goranmagymyz zerur bolup durýar. Onuň üçin her bir raýat, aýratyn hem çagalara ideg edýän terbiýeçiler we ene-atalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 9-dan 11-e çenli, öýlän 18-den soň, pasla görä geýnip, gezelenç etmelidirler. Şeýle ýagdaýda kabul edilen Gün şöhlesi bedenimiziň goragyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyryp, bedene oňaýly täsir edýär. Günüň ultramelewşe şöhleleri çaganyň dogry ösmegine, ylaýta-da, diş we süňk ulgamyny kadalaşdyrmaga ýardam berýär. Gün şöhlesi D witaminiň işlenilip çykmagyna öz täsirini ýetirýär we çagalarda igleme (rahit) keseliniň, ulularda bolsa osteoporoz keseliniň, alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň birnäçesiniň D witamin ýetmezçiligi esasynda döremeginiň öňüni alýar. Dogry iýmitlenmegimize garamazdan, arassa howada ýokarda bellenen wagtlary, bellenen tertipde gezelenç edip, bedenimize Günüň şöhlesi düşmese, onda iýmit bilen kabul edilen D witamini özleşmän, şol durşuna bedenimizden daşyna çykýar. D witamini, haçan-da, biziň bedenimize Günüň şöhlesi düşende, bedende özleşýär.

Melhemler dünýäsiniň ylmy ensiklopediýasy

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere, aýratyn-da, dünýäde giňden ýaýramadyk görnüşli ösümliklere baýdyr. Gadymy döwürlerden bäri adamlar ösümlikleriň bejerijilik güýjüni anyklap, dürli kesellerden saplanmak üçin olary ulanypdyrlar. Häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda toplanan we nesilden-nesle geçip gelýän halk tebipçilik tejribeleri öz ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzyň we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň mundan beýläkki ösüşi üçin amaly taýdan gymmatlydyr. Keremli türkmen topragynyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň, döwür yzarlap gelýän tebipçiliginiň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylara niýetlenen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply zehinini, ukyp-başarnygyny, köpýyllyk tejribesini özüne siňdiren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 14-nji jildi diňe bir halkara lukmançylyk toparlarynyň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Bu ylmy iş dünýä ýurtlarynyň halklaryna türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin ajaýyp sowgat bolmak bilen bir hatarda, lukmançylyk babatda tutuş adamzat medeniýetiniň ylmy hazynasyna mynasyp goşantdyr.

Çilimiň zyýanly täsirleri

Çilim çekmek endigi howply täze döremeleriň köp görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Olara dodaklaryň, agyz boşlugynyň, diliň, burnuň we burun boşluklarynyň, damagyň, bokurdagyň, gyzylödegiň, öýkeniň, aşgazanyň, aşgazanasty mäziň, böwrekleriň, bagryň, öt haltanyň, peşew haltanyň howply täze döremeleri, leýkozyň käbir görnüşleri degişlidir. Temmäkiniň tüssesinde zäherli himiki maddalaryň bardygy mälimdir. Olardan sianid, benzol, benzpiren, metil spirti, asetilen, karbon, karbon monooksidi, azot oksidi, uglerod okisi has howplusydyr. Bu tüssede saklanýan beýleki maddalar olaryň täsirini güýçlendirýär, howply täze döremelerden goraýan genleri zeperlendirýär. Çilimiň tüssesinde saklanýan beýleki maddalar olaryň täsirini güýçlendirýär. Meselem, hrom benzpireniň DNK-nyň molekulalary bilen berk baglanyşmagyna itergi berýär. Munuň netijesinde, DNK has agyr zeperlenmelere duçar edilýär. Myşýak bilen nikeliň bilelikdäki täsiri DNK-nyň dikelmegine päsgel berýär. Adam çilim çekip başlan dessine bada-bat howply täze döremelere duçar bolmaýar. Beden DNK-nyň käbir zeperlenmelerine garşy durup bilýär. Ýöne zeperlenen molekulalaryň hemmesini täzeden dikeltmek başartmaýar. Şeýlelikde, köp ýyllaryň dowamynda howply täze döremeler ýüze çykýar.

Lukmanyň maslahaty

Gün şöhlesiniň adam bedenine ýetirýän zyýany Günüň ýiti şöhlesi bedeniň açyk ýerlerine öz zyýanyny 10-15 minudyň dowamynda ýetirip bilýär we adamyň teninde dürli tegmilleriň ýüze çykmagyna getirýär.

Sagdyn nesliň goragynda

Aýdyň ösüşleri nazarlaýan özygtyýarly, baky berkarar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ählisi asylly maksada — ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmaklyga, dogduk Diýarymyzy gülledip ösdürmeklige gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsan saglygy we jemgyýetiň sagdynlygy her bir döwletiň durnukly ösüşiniň esaslary bolup durýar» diýen pähim-paýhasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, milletiň genofonduny goramaklyga aýratyn üns berýär. Arkadagly Serdarymyz haçan-da sagdyn jemgyýet howpsuzlygynyň doly üpjün edilen ýagdaýynda ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işleriň, gazanylýan ösüşleriň netijesiniň has-da guwandyryjy boljakdygyny belläp, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde birnäçe wajyp wezipeleri goýýar. Biz özümize ynanylan wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mekdep okuwçylarynyň, ýetginjekleriň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini geçirmekligi ýola goýduk. Bu işe etrabymyzyň il sylagly ýaşululary hem işjeň gatnaşýarlar. Çärelerde ýaşlaryň gyzyklanmalaryna aýratyn üns berýäris, ýaramaz endikleriň zyýany baradaky düşünjelerini artdyrýarys. Geljekde bu asylly işiň terbiýeçilik ähmiýetiniň uly bolup, oňyn netije berjekdigi şu günler wagyz-nesihat çärelerine gatnaşýan ýaşlaryň sanynyň barha artýand

Tomus paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

•Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý ediň, arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul ediň.  •C witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri kabul ediň.

Magtymguly we sagdyn durmuş ýörelgesi

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda sagdyn durmuş ýörelgeleri eriş-argaç bolup geçýär. Olarda ýaramaz endikler ýazgarylyp, dogry ýollar salgy berilýär. Çilim, temmäki, nas ýaly ýaramaz serişdeleriň adamyň saglygyna örän zyýanlydygy, şirin janyna howp salýandygy anyk delilleriň üsti bilen düşündirilýär. «Çilim», «Çilimkeş», «Nas atan» ýaly goşgularyny okanymyzda, muňa has aýdyň göz ýetirýäris. Şahyr «Çilim» şygrynda: «Her zaman düýt ýutduryp, öýkeniňiz daş eýleýir» ýa-da «Çilimkeş» goşgusynda: «Süňgüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar» diýip, bu zyýanly närseleriň saglyga näderejede howpludygyny, olaryň nähili kesellere duçar eýlejekdigini görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaramaz endiklere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgeleri wagyz edilýär. Ýurdumyzda «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» işjeň hereket edýär. Ilat arasynda yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýaşlar sporty özlerine hemra edinip, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýärler. Geljeginiň berk binýadyny ýaşlarda görýän döwlet Baştutanymyz sagdyn we berkarar jemgyýeti kemala getirmekde bimöçber uly işleri durmuşa geçirýär.

Tomusda berjaý edilmeli kadalar

Şu günler howanyň gyzýandygy sebäpli, saglyk ýagdaýymyz bilen baglanyşykly, lukmanlar jöwzaly tomsuň bütin dowamynda aşakdaky kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler: Günüň gyzan wagtynda, zerurlyk bolmasa, daşaryk çykmaly däl.

Sagdynlyk ýörelgesi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp gününde, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynda halkymyza gowşan «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, adamkärçiligiň belent nusgasy bolup, köňüllere nur çaýdy. «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty—saglyk», «Hossarlyk—öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly bölümlerden ybarat bolan bu kitapda ata-babalarymyzyň ejizi goldamak, mätäje kömek bermek ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň beýany bar. Ol geçmiş taryhymyzda hem hossarlyga mätäç adamlar üçin saglyk, ylym-bilim, durmuş hyzmatlarynyň ýola goýlandygy baradaky gyzykly maglumatlaryň, ynsan saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreleriň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan sogaply işleriniň üsti bilen giňden beýan edilýär. Täze kitabyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilmegi haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Täze kitabyň «Gu

Garaly

Adaty garaly bägüller maşgalasynyň adybir urugyna degişli bolup, agajynyň beýikligi 6 metre çenli ýetýär. Dogry ideg edilende bu bag 3-4 ýyldan soň bol miwe getirýär. Adaty garaly güneşli Diýarymyzda köpçülikleýin ekilýär. Tagamy süýji, kähalatda turşumtyk hem bolup, ondan dürli hili tagamlar, içgiler, gaplamalar, süýjüler, mürepbeler taýýarlanýar. Şeýle-de ösümligiň dermanlyk häsiýeti göz öňünde tutulyp, ondan alnan peýdaly garyndylar kosmetiki serişdeleriň düzümine hem goşulýar. Garaly ter, gaýtadan işlenen we kişde görnüşinde ulanylýar. Garalynyň melhemlik häsiýeti gadymdan bäri belli bolansoň, ony halk lukmançylygynda hem giňden peýdalanypdyrlar. Ösümligiň miwesi, ýapragy, güli, sütüniniň gabygy dermanlyk çig maly bolup hyzmat edipdir. Garaly miwesiniň düzümi A, B1, B2, C, P witaminlerine baýdyr. Miwedäki kaliýdir fosfor ýaly mineral maddalaryň möçberiniň alma bilen armytdakydan hem köpdügini bellemeli. Şeýle-de miwede köp mukdarda kalsiý, magniý, demir we organiki turşulyklar bardyr. Miwe dürli witaminlere baý bolup, adam bedenine örän peýdalydyr. Ol bedeniň kesellere bolan goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrýar. Garaly ýürek-damar we iýmit siňdiriş ulgamyny sazlaýar.

Olimpiýa hereketi ösdürilýär

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar syýasatyna, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, türgenleriň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirilýär, onuň düzümine ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. 

Ylym we sport

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Halkara sport ýaryşlaryna ylmy esasda taýýarlyk häzirki döwrüň möhüm talabydyr

Hereketli beden — sagdyn beden

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän üsti ýapyk görnüşli Welotrek toplumy onuň ýöriteleşdirilen desgalarynyň biridir. Ol ähli görkezijilere, şol sanda tehniki üpjünçilik babatda şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Onuň münberleri 6 müň tomaşaça niýetlenendir. Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler halkara ýaryşlary, şol sanda dünýä derejesindäki bäsleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabadyň Welotrek toplumynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen welosiped boýunça ýaryşlar geçirildi.