Gün şöhlesiniň saglyga täsiri

21 Iýun 2023
579

Gün şöhlesiniň adamyň saglygyna oňyn täsirlidigi hiç kimde-de şübhe döretmeýär. Onuň täsiri bilen bedende rahitiň, osteoporozuň, artrozuň, rak öýjükleriniň döremeginiň öňüni almaga ýardamly D witamini emele gelýär. Bu witaminiň gündelik mukdaryny almak üçin Günüň aşagynda 15 minutlap durmak ýeterlikdir. Gün şöhlesi ýeterlik kabul edilmedik halatlarynda bedende melatonin (uky gormony) aşa köp, serotonin (şatlyk gormony) bolsa gereginden az işlenilip çykarylýar. Netijede, adamyň keýpi gaçýar, ukusy tutýar, myşsalarynda we bogunlarynda agyry döreýär, ysgynsyzlyk ýüze çykýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin her gün irden 09:00-a çenli, öýlän 18:00-dan soň Gün batmanka ýarym sagatlap gezelenç etmek ýeterlikdir.

Ultramelewşe şöhleler bakteriýalara garşy täsire eýedir. Inçekeselde, anginada, öýken sowuklamada (pnewmoniýa), beýleki ýokanç kesellerde, şeýle hem düwürtikler örende, süýjübaşda (ekzema), psoriazda, neýrodermitde Gün wannalaryny kabul etmek peýdalydyr. Günüň aşagynda juda köp durlanda ganda limfositleriň azalýandygyny, anginanyň, faringitiň, stomatitiň ýitileşýändigini, gerpesiň (uçuk) wirusynyň işjeňleşýändigini, öňüni alyş sanjymlarynyň täsiriniň gaçýandygyny hem unutmaň! Gün görejiň kütelmeginiň, göz torjagazlarynyň kabul etmek ukybynyň peselmeginiň öňüni alýar. Torjagazyň kadaly işlemegi üçin her gün daşarda 20 — 30 minutlap (gös-göni Gün şöhlesi düşýän ýerinde däl-de, eýsem, kölegede) durmaly. Gözlere ultramelewşe şöhlesi däl-de, ýagtylyk gerek. Bu şöhle görşüň peselmegine, hatda kataraktanyň (göz merjenjiginiň ümezlemesiniň) ýüze çykmagyna hem getirýär.

Medine BERDIKEÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 12-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.