Ary balynyň peýdasy

21 Iýun 2023
411

Adatça, dürli gaýraüzülmelerde, sowuklamada lukmanlarymyz, enelerimiz hem bal garylan gyzgynjak çaýy içmegi ündeýärler. Çünki içine bir çemçe ary bal atylan çaý ynsany akyl we fiziki ýadawlykdan açmaga ukyplydyr. Biz gündelik iýmitiň düzüminde 50 — 70 gram baly ulanmak bilen, 1-2 aýyň dowamynda gan aýlanyşymyzy, ýürek urşumyzy sazlap bilýäris. Üstünden müňlerçe ýylyň geçendigine garamazdan, balyň zaýalanmaýandygyny, hatda ysyny-da ýitirmeýändigini taryhy tapyndylar subut edýär.

Tebigatyň ajaýyp önümleriniň biri bolan ary baly gadym wagtlardan bäri halk lukmançylygynda ulanylypdyr. Beýik ýunan alymy Gippokrat 2500 ýyl mundan ozal özüniň «Ýaralar hakynda» atly eserinde düzüminde bal bolan bejergileri getiripdir. Haçanda bedendäki ýaralara bal ýapylanda, ýaranyň ganamagy we limfalaryň gaýtgyny güýçlenýär. Şeýlelikde, ýara mehaniki taýdan ýuwulýar. Ýaradaky öýjükleriň iýmitlenmegi üçin şert döreýär. Olardan başga-da, bal köp mörjewleri ýok edýär. Bal haýal bitýän ýaralary bejermekde ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaýan melhemdir. Bal gadymy Rimde, Müsürde puluň ýerini tutup bilýän haryt bolupdyr. Bir zat satyn alynjak bolnanda, ony pul, mal ýa-da bal bilen tölemek mümkin eken. Häzirki wagtda kosmonawtlaryň gündelik iýmitiniň sanawynda ary baly hökmany iýmitdir. Ary baly bokurdak we agyz boşlugynyň kesellerini bejermekde we ýellenen ýogyn içegäni ýuwmakda çopantelpek gülüniň garyndysy bilen ulanylýar. Degna ulgamy gowşan adamlara hem ýatmazdan öň bir käse ýyly suwa bir çemçe ary balyny garyp içmek maslahat berilýär.

Maýa POTYÝEWA,
Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.