Sagdyn nesliň goragynda

21 Iýun 2023
318

Aýdyň ösüşleri nazarlaýan özygtyýarly, baky berkarar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ählisi asylly maksada — ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmaklyga, dogduk Diýarymyzy gülledip ösdürmeklige gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsan saglygy we jemgyýetiň sagdynlygy her bir döwletiň durnukly ösüşiniň esaslary bolup durýar» diýen pähim-paýhasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, milletiň genofonduny goramaklyga aýratyn üns berýär. Arkadagly Serdarymyz haçan-da sagdyn jemgyýet howpsuzlygynyň doly üpjün edilen ýagdaýynda ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işleriň, gazanylýan ösüşleriň netijesiniň has-da guwandyryjy boljakdygyny belläp, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde birnäçe wajyp wezipeleri goýýar. Biz özümize ynanylan wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mekdep okuwçylarynyň, ýetginjekleriň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini geçirmekligi ýola goýduk. Bu işe etrabymyzyň il sylagly ýaşululary hem işjeň gatnaşýarlar. Çärelerde ýaşlaryň gyzyklanmalaryna aýratyn üns berýäris, ýaramaz endikleriň zyýany baradaky düşünjelerini artdyrýarys. Geljekde bu asylly işiň terbiýeçilik ähmiýetiniň uly bolup, oňyn netije berjekdigi şu günler wagyz-nesihat çärelerine gatnaşýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygy hem doly äşgär edýär.

Ruslan SEÝITKULYÝEW,
Hojambaz etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.