Melhemler dünýäsiniň ylmy ensiklopediýasy

21 Iýun 2023
473

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere, aýratyn-da, dünýäde giňden ýaýramadyk görnüşli ösümliklere baýdyr. Gadymy döwürlerden bäri adamlar ösümlikleriň bejerijilik güýjüni anyklap, dürli kesellerden saplanmak üçin olary ulanypdyrlar. Häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda toplanan we nesilden-nesle geçip gelýän halk tebipçilik tejribeleri öz ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzyň we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň mundan beýläkki ösüşi üçin amaly taýdan gymmatlydyr.

Keremli türkmen topragynyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň, döwür yzarlap gelýän tebipçiliginiň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylara niýetlenen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply zehinini, ukyp-başarnygyny, köpýyllyk tejribesini özüne siňdiren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 14-nji jildi diňe bir halkara lukmançylyk toparlarynyň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Bu ylmy iş dünýä ýurtlarynyň halklaryna türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin ajaýyp sowgat bolmak bilen bir hatarda, lukmançylyk babatda tutuş adamzat medeniýetiniň ylmy hazynasyna mynasyp goşantdyr.

Begenç HANNYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.