Sagdynlyk ýörelgesi

20 Iýun 2023
492

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp gününde, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynda halkymyza gowşan «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, adamkärçiligiň belent nusgasy bolup, köňüllere nur çaýdy. «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty—saglyk», «Hossarlyk—öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly bölümlerden ybarat bolan bu kitapda ata-babalarymyzyň ejizi goldamak, mätäje kömek bermek ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň beýany bar. Ol geçmiş taryhymyzda hem hossarlyga mätäç adamlar üçin saglyk, ylym-bilim, durmuş hyzmatlarynyň ýola goýlandygy baradaky gyzykly maglumatlaryň, ynsan saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreleriň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan sogaply işleriniň üsti bilen giňden beýan edilýär. Täze kitabyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilmegi haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Täze kitabyň «Gurplulygyň öz şertleri bar» atly bölüminde: «Hossarlyga almak, mätäje kömek etmek ýörelgeleri adamkärçilige mahsus sypatlar hökmünde ir döwürlerden bäri bellidir. Sebäbi hakyky adam bolmagyň manysy hem mätäje edilýän goldawda, ejize hemaýat goluňy uzatmakda ýüze çykýar» diýlip bellenilýär. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ata-babalarymyzyň ejizi goldamak, mätäje kömek etmek ýaly adamkärçilik däplerinden gözbaş alandygyny bellemek ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň bu gazna ilkinji bolup serişde goýmagy belent adamkärçilikden nyşan. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýe we bilim alýan ýaşajyk ildeşlerimize bejergi almaklary üçin pul serişdeleri yzygiderli goýberilýär. Milli Liderimiziň ýardam bermegi bilen körpe nesliň onlarçasynyň çylşyrymly operasiýalary geçirip, saglygyny dikeldip, sag-salamat aramyzda ýaşap ýörendigine herimiz şaýat. Bu barada täze kitapda lukmançylyk kömegi berlen çagalaryň eziz käbeleriniň alkyşlary beýan tapýar. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap, şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň sowgat berilmegi, halkymyzda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjy artdyrýar.

Döwletmyrat DÖWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.