Sagdyn durmuş — nusgalyk ýörelge

22 Iýun 2023
415

Halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamzadyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy göreşmek, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak we Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen, ýurdumyzda temmäki bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak, ilatyň arasynda temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly täsiri boýunça wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyz temmäkä garşy göreş işinde beýleki ýurtlara nusgalyk görelde bolýar we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri özünde jemleýän Milli maksatnama hereket edýär.

Şeýle-de ýurdumyzda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle-de temmäki ulanmakdan ejir çekýän raýatlara degişli maslahatlary bermek maksady bilen, Aşgabat şäherinde we ähli welaýat merkezlerinde «Ynam» merkezleri döredildi we «Ynam» telefonlary birikdirildi.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.