Tomus paslynda berjaý edilmeli düzgünler

22 Iýun 2023
350

Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasynyň örän uludygy hemmä mälim. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň gorag ulgamy pugtalanýar, bedende ýaşaýyş üçin zerur maddalar döreýär. Suw-duz çalşygy işjeňleşip, deri örtüginiň üsti bilen der arkaly artyk suwuklyk çykarylýar. Bu hadysanyň kadaly dowam etmegi üçin hökman günüň dowamynda arassa agyz suwunyň 1,5-2 litrini içmeli. Köpräk gök önümleri, ter miweleri iýmeli, olaryň şirelerini içmeli. Günüň dowamynda iýilýän nahar ýeňil we ýokumly, täze taýýarlanan bolmaly.

Tomus paslynda lukmanlar çagalara hem-de ýaşuly adamlara, esasan, ir sagat 6-dan 9-a çenli we agşam 18-den soň, ýanyň bilen agyz suwunyň gerek mukdaryny alyp, pasla görä geýnip, daşarda gezmegi maslahat berýärler. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan wagty daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Tomsuň yssy howasynda daglara, açyk meýdanlara gezelençleri guramak maslahat berilmeýär. Daşary çykylanda Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, ýanyňyz bilen arassa agyz suwuny almak maslahat berilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.