Magtymguly we sagdyn durmuş ýörelgesi

21 Iýun 2023
419

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda sagdyn durmuş ýörelgeleri eriş-argaç bolup geçýär. Olarda ýaramaz endikler ýazgarylyp, dogry ýollar salgy berilýär. Çilim, temmäki, nas ýaly ýaramaz serişdeleriň adamyň saglygyna örän zyýanlydygy, şirin janyna howp salýandygy anyk delilleriň üsti bilen düşündirilýär. «Çilim», «Çilimkeş», «Nas atan» ýaly goşgularyny okanymyzda, muňa has aýdyň göz ýetirýäris. Şahyr «Çilim» şygrynda: «Her zaman düýt ýutduryp, öýkeniňiz daş eýleýir» ýa-da «Çilimkeş» goşgusynda: «Süňgüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar» diýip, bu zyýanly närseleriň saglyga näderejede howpludygyny, olaryň nähili kesellere duçar eýlejekdigini görkezýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaramaz endiklere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgeleri wagyz edilýär. Ýurdumyzda «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» işjeň hereket edýär. Ilat arasynda yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýaşlar sporty özlerine hemra edinip, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýärler. Geljeginiň berk binýadyny ýaşlarda görýän döwlet Baştutanymyz sagdyn we berkarar jemgyýeti kemala getirmekde bimöçber uly işleri durmuşa geçirýär.

Gurbanmyrat GURBANOW,
TMÝG-niň Köneürgenç etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.