Gün şöhlesiniň täsiri

21 Iýun 2023
568

Günüň ýagty şöhlesi tebigatyň biziň ýurdumyza eçilen baýlyklarynyň biridir. Çünki Gün şöhlesi janly-jandar we ösümlik dünýäsi üçin egsilmez güýç we bereket çeşmesidir. Muňa garamazdan, tomus paslynyň gelmegi, howanyň gyzmagy netijesinde Günüň şöhlesinden dogry peýdalanmagymyz hem-de ygtybarly goranmagymyz zerur bolup durýar. Onuň üçin her bir raýat, aýratyn hem çagalara ideg edýän terbiýeçiler we ene-atalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 9-dan 11-e çenli, öýlän 18-den soň, pasla görä geýnip, gezelenç etmelidirler. Şeýle ýagdaýda kabul edilen Gün şöhlesi bedenimiziň goragyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyryp, bedene oňaýly täsir edýär. Günüň ultramelewşe şöhleleri çaganyň dogry ösmegine, ylaýta-da, diş we süňk ulgamyny kadalaşdyrmaga ýardam berýär.

Gün şöhlesi D witaminiň işlenilip çykmagyna öz täsirini ýetirýär we çagalarda igleme (rahit) keseliniň, ulularda bolsa osteoporoz keseliniň, alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň birnäçesiniň D witamin ýetmezçiligi esasynda döremeginiň öňüni alýar. Dogry iýmitlenmegimize garamazdan, arassa howada ýokarda bellenen wagtlary, bellenen tertipde gezelenç edip, bedenimize Günüň şöhlesi düşmese, onda iýmit bilen kabul edilen D witamini özleşmän, şol durşuna bedenimizden daşyna çykýar. D witamini, haçan-da, biziň bedenimize Günüň şöhlesi düşende, bedende özleşýär.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäheriniň 6-njy Saglyk öýüniň baş lukmany.