Garaly

20 Iýun 2023
522

Adaty garaly bägüller maşgalasynyň adybir urugyna degişli bolup, agajynyň beýikligi 6 metre çenli ýetýär. Dogry ideg edilende bu bag 3-4 ýyldan soň bol miwe getirýär. Adaty garaly güneşli Diýarymyzda köpçülikleýin ekilýär. Tagamy süýji, kähalatda turşumtyk hem bolup, ondan dürli hili tagamlar, içgiler, gaplamalar, süýjüler, mürepbeler taýýarlanýar. Şeýle-de ösümligiň dermanlyk häsiýeti göz öňünde tutulyp, ondan alnan peýdaly garyndylar kosmetiki serişdeleriň düzümine hem goşulýar. Garaly ter, gaýtadan işlenen we kişde görnüşinde ulanylýar.

Garalynyň melhemlik häsiýeti gadymdan bäri belli bolansoň, ony halk lukmançylygynda hem giňden peýdalanypdyrlar. Ösümligiň miwesi, ýapragy, güli, sütüniniň gabygy dermanlyk çig maly bolup hyzmat edipdir. Garaly miwesiniň düzümi A, B1, B2, C, P witaminlerine baýdyr. Miwedäki kaliýdir fosfor ýaly mineral maddalaryň möçberiniň alma bilen armytdakydan hem köpdügini bellemeli. Şeýle-de miwede köp mukdarda kalsiý, magniý, demir we organiki turşulyklar bardyr. Miwe dürli witaminlere baý bolup, adam bedenine örän peýdalydyr. Ol bedeniň kesellere bolan goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrýar. Garaly ýürek-damar we iýmit siňdiriş ulgamyny sazlaýar.

Ogulşirin MYRADOWA,
Bäherden etrabyndaky 2-nji saglyk merkeziniň lukmany.