"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Bitaraplyk syýasatynyň rowaçlanmagy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty täze sepgitlere gadam basýar. Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen sebitde we halkara derejesinde täze başlangyçlara badalga berýär. Dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz beýleki ýurtlar bilen bir hatarda, halkara we sebitara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär we ösdürýär. 2021-nji ýylyň — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy hem muňa aýdyň subutnamadyr. Çünki, milli Liderimiziň hut özüniň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň daşary syýasatynda täze taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boljakdygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda goňşy owgan döwletinde syýasy-ykdysady durnuklylygy gazanmaklyga gönükdirilen ençeme halkara taslamalary durmuşa geçirildi. Iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ykdysady-söwda gatnaşyklary giňden alnyp barylýar. Şeýle wajyp taslamalaryň ýene-de birnäçesi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen taryhy ýylda-da amal edilýär. Ýagny, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwar

Üns beriň: bäsleşik!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar. Mähriban Diýarymyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynsanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça ruhubelent çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň has-da bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, şäherleri, etraplary, şäherçeleri, obalary abadanlaşdyrmak, ähli ýerde, aýratyn hem ilatly ýerlerde arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara beslemek baradaky öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek häkimlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň baş wezipesine öwrüldi.

Wagyz-nesihat çäreleri

Ynsanperwerlik ýörelgesi gerim alýar Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň goldamagynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da halkyň saglygyny goramakda, sagdyn bedenli ruhubelent ýaşlary ýetişdirmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmakda uly işler amal edilýär. Şeýle bähbitli işlere TGÝMJ-niň welaýat bölümimiziň işgärlerem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Biz ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirip, ynsanperwerlik ýörelgesiniň hemmeleriň ýörelgesi bolmagy ugrunda aladalanýarys.

Ajaýyp kitaby okap...

Taryhy eseriň ähmiýeti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine giň ýol açyldy. Şeýle hem, ony dünýä ýaýmakda bimöçber işler amala aşyrylýar. Geçmiş taryhyna, bagtyýar şu gününe, ýagty geljegine sarpa goýýan halkymyz hemişe ruhy baýlygyň teşnesi. Hut şonuň üçin-de pederlerimiz islendik döwürde hem kitaba uly hormat goýupdyrlar.

Halkara bähbitli tagallalar

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we durnukly ykdysady syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz ösüş-özgerişleriň döwrüni başdan geçirýär. Milli Liderimiziň başlangyçlaryndan gözbaşly düýpli ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berdi. Milli ykdysadyýetimizi öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmakda giň möçberli işleriň depgini ýylsaýyn ýokarlanýar. Şeýle ösüş depgini ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Aslynda, milli ykdysadyýetimiziň gaz senagaty pudagy iri we möhüm pudaklaryň biridir. Halk hojalygymyzyň sütünleriniň biri hasaplanylýan gaz senagatyny ösdürmeklige döwlet Baştutanymyz örän uly üns bermek bilen, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalara badalga berýär. Şeýlelikde, tebigy gazyň baý ýataklaryny gözlemekde, burawlamakda amala aşyrylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Mawy ýangyjyň baý gorly ýerlerini senagat taýdan özleşdirmek wajyp wezipe. Ýerden alynýan tebigy gazy gaýtadan işlemek bilen bagly işlerem döredijilikli zähmeti talap edýär. Ata Watanymyzyň çar künjegindäki mawy ýangyja baý gaz ýataklarynda tutanýerli zähmet joşýar. Edermen gazçylarymyzyň döredijilikli zähmeti bilen tebigy gazyň akymy barha artdyrylýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Rugsatlar hakynda kadalar Garaşsyz döwletimizde hereket edýän kanunçylyga laýyklykda işleýänlere dynç almak üçin rugsat berilýär. Bu meseläniň çözgüdi Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde düzgünleşdirilendir. Şu Kodeksiň VI bölüminiň 83-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň işleýän raýatlarynyň şu Kodekse laýyklykda her ýylky tölegli esasy rugsada hukugy bardyr. Şeýle hem ady agzalan Kodekse laýyklykda işleýän raýatlaryň rugsatlaryň beýleki görnüşlerini almaga hukugy bardyr.

Milli Geňeş: täze tejribeler, wajyp wezipeler

Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik-hukuk özgertmeleriniň täze tapgyrynyň, ýagny iki palataly parlament ulgamynyň döredilmeginiň möhüm çäresi bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işjeň dowam etdirilýär. Bu saýlawlaryň netijesinde täze syýasy-demokratik ulgam kemala geler. Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny özgertmäge we milli demokratiýanyň täsirli ulgamy hökmünde hereket edip gelen bu syýasy-jemgyýetçilik forumyň döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna goşulmagyna gönükdirilen konstitusion özgertme umumymilli ösüşiň köp ugurlary bilen bagly örän ähmiýetli we döwrebap syýasy-hukuk çäresidir. 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde rejelenen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň III bölüminde ýurdumyzyň döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamynyň hatarynda Milli Geňeşiň düzümi, iki palatasynyň işi, hukuklary kesgitlenendir. Esasy Kanunymyzyň 66-njy maddasynda «Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mejlis), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar» diýlip beýan edilýär. Şeýle ýokary konstitusion hukuga eýe Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ähmiýeti iki jähetden has möhümdir. Birinjiden, bu saýlawlar netijesinde, döwletiň konstitusion g

Eneleriň alkyşy — bagtyň şuglasy

Giňden bellenilen Halkara zenanlar güni Daşoguz welaýatyndan köp çagaly eneleriň toý şatlygyny goşalandyran döwletli wakalara beslendi. Bu baýramçylyk mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem terbiýeläp ýetişdiren mährem eneler Maral Potçykowa bilen Aýbölek Rahmedowa Daşoguz şäheriniň Nowruz ýaşaýyş jaý toplumyndaky döwrebap jaýdan köp otagly öý berildi. “Ene mähri” diýen hormatly at dakylyp, täze jaýdan öýli bolmak bagtyna eýe bolan eneler jemgyýetimizde maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, eneligi we çagalygy goramak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrýan beýik işleri, çäksiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. — Baýramçylyk güni ähli amatlyklar döredilen, otaglary uly hem ýagty, giň aşhanaly täze öýe göçüp geldik — diýip, Aýbölek Rahmedowa uly buýsanç bilen aýdýar. — Sekiz çagamyz bar, ulujalarymyz mekdepde okaýarlar, çagalar baglaryna barýarlar. Iň körpejämiz ýaňy bir ýaşyny doldurdy. Täze jaýymyz durmuş maksatly binalary, dürli desgalary bolan uly toplumyň içinde ýerleşýär. Golaýymyzda 900 okuwçy orunlyk döwrebap mekdep, çagalar baglary bar. Arkadag Prezidentimiz Watanymyzyň bagtyýar geljegi bolan kämil nesli ösdürip ýetişdirýän belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýýar, eneleri we çagalary goramak boýunça çäksiz aladalary edýär, sekiz we şondan köp çagany dünýä ind

Täze jaý — belent serpaý

Sekiz perzendiň bolsa, olary ösdürip-ýetişdireniň üçin ýurt Baştutany tarapyndan hormatly at bilen sylaglansaň, bularyň üstesine-de, iň döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birine nesibäň çekse, ene üçin şundan uly bagt bolup bilermi?! Bu sananlarymyz hyýal däl, hakykatyň hem baryp ýatany. Halkara zenanlar güni mynasybetli gündogar sebitde ýaşaýan köp çagaly eneleriň hem birnäçesi täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardylar. «Bahar» etrapçasy — Türkmenabadyň iň täze etrapçalarynyň biri. Bu ýerde «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen dört gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýy etrapçanyň binagärlik görküni has-da artdyrdy.

Toýlar toýa utgaşdy

Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem uly dabaralara beslenip, giňden bellenip geçildi. Medeniýet merkezlerinde, edara-kärhanalarda, guramalarda ýaýbaňlandyrylan dabaralar mähriban enelerimiziň, gülden görkli gelin-gyzlarymyzyň şanyna toýlanan toýuň şowhunyny has belende göterdi. BABADAÝHAN. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabaralar uly täsirlere beslendi. Bilim ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda etrap bilim bölüminde bolan baýramçylyk duşuşygy gyzykly çäreleriň biri hökmünde ýatda galdy.

Bagtyýar nesliň joşguny

TEJEN. Şäheriň Medeniýet öýünde ýurdumyzyň 2 — 4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher Geňeşi, şäheriň bilim we medeniýet bölümleri bilelikde gurady. Bäsleşigiň şertleri boýunça çykyş eden enaýyja gyzjagazlar ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, türkmen milli egin-eşiklerini şahyrana sözler bilen wasp etmek hem-de ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Soňky sütün

Taryhy maglumatlara görä, Göktürkmen döwletinde zenanlara goýlan sarpa öz döwri bilen deňeşdireniňde juda uly bolupdyr. Bu döwürde han we onuň aýaly tarapyndan döwletiň bilelikde dolandyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. * * *

Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan dabaralar

AŞGABAT, 8-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni dabaralandyryldy. Milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär. Täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary milli ruhy gymmatlyklary hem-de halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar we ata Watanymyzyň belent derejelere ýetmegine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmak arkaly jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde hakyky halk häkimiýetliliginiň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, raýatlaryň ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiliginiň artmagy olaryň erk-isleglerini erkin beýan etmeginiň — saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginiň demokratik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Rowaç durmuşyň hatyrasyna

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan aýallaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny ýöredýär. Bu babatda ýurdumyz ençeme halkara konwensiýalara goşulyşdy. Olaryň düzgünlerini milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak boýunça hem kanunçylyk namalary kabul edildi, hereket edýän resminamalara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň «Aýallar babatda hukuklary kemsitmegiň ähli formalaryny ýok etmek hakynda Konwensiýasyny», Zähmetiň Halkara Guramasynyň «Erkek adamlary we aýallary deň ähmiýetli zähmeti üçin deň derejede sylaglamak hakyndaky Konwensiýasyny», «Aýallaryň syýasy hukuklary baradaky Konwensiýany», «Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa degişli Fakultatiw teswirnamany», «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordenini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we Maşgala kodeksini, şeýle-de beýleki kanunçylyk namalaryny görkezmek bolar. Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikler ýörelgesi Esasy Kanunymyzyň özenini düzýän ýörelgeleriň

Zeminiň zynaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlaryň sarpasy belent tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bagtdan paýly enelerimize, mähriban gelin-gyzlarymyza hormat goýmak ýaly asylly ýörelgeleriň rowaçlanýandygyna ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler şaýatlyk edýär. Şeýle işler bolsa barmak büküp sanardan köpdür. Olaryň hatarynda zenanlaryň sagdyn, ylymly-bilimli, hünärli bolmagyny gazanmak, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, mynasyp nesli ösdürip we terbiýeläp ýetişdirmegi üçin ähli şertleri döretmek babatda geçirilýän işleri görkezmek bolar. Bu gün gelin-gyzlarymyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda tutanýerli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýändiklerini belläp geçmek ýakymlydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda zenanlarymyz döwlet tarapyndan üns-alada bilen gurşalýar. Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň hem-de deň mümkinçilikleriniň döwlet kepillikleri gyşarnyksyz üpjün edilýär. Bu kepillikler halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasy we beýleki kanunçylyk namalary arkaly berkidilendir. Döwlet Baştutanymyzyň: «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, gelin-gyzlarymyzyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olara döwlet tarapyndan ýeňillikleri bermek, döredijilikli zähmet çekmekleri we mynasyp durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek, ýurdum

Seniň ýanyňa barýan, eje!

Hawa, bu gün iş-aladalarymdan saplanyp, seniň ýanyňa salama barýan, eje! Bir şäherde ýaşasagam, seni görmäge ýygy-ýygydan baryp bilemok, bagyşla, eje! Baran wagtym welin, edil uly mukaddeslige zyýarata gelen ýaly, kalbym giňeýär, ýüregim aram tapýar. Edil dirilik suwy ýaly seniň yssy mähriň, mylaýym sözleriň kalbymda ýaşanyňa degýän bu ajaýyp dünýä bolan söýgimi artdyrýar. Bagtyýar durmuşda ýaşamaga, döretmäge hyjuwlanýaryn, eje! Baranymda öňümde dürli-dümen zatlardan doly saçagy ýazarsyň, edil ýigdelen ýaly, şeýle bir ýeňil goparsyň, özüňem bala-çagalarymdan başlap, ähli zady sorarsyň. Çaý başynda näme gürrüňden başlajagymy bilmän dymaryn. Saňa arz aýdyp ulalmanym üçin, ähli zatlary gülala-güllük edip oturan bolsamam, eýýäm aladalarymdan habarly ýaly, ähli zady ýüzümden okarsyň. Durmuşyň ajysyny, süýjüsini gören göreçleriňe seretsem: «Gaýgy-aladalaryňy aýdyber, gyzym, elimde baryny, gerek bolsa, dünýe malymy bereýin. Seň aladalaryňy öz gerdenime alaýyn, şatlygymy saňa bereýin» diýen sözleri okaýaryn hem-de edil gaýgy-gamsyz çagalygyma dolanan ýaly bolýaryn. Ýaňy ýörjen-ýörjen bolup, ädimläp başlanymda «Ýykylaýmagyn» diýip, golumdan tutan mähirli elleriň bu çarkandakly ýollarda göze görner-görünmez bela-beterlerden gorajakdygyna berk ynanýaryn we kalbym ynjalýar. Şonda bir zada has-da aýdyň göz ýetirýärin, sen aýal bol, erkek bol, ýaş ýa-da garry bol — adam öz ejesiniň ýanynda

Öýlerimiziň ýaraşygy, durmuşymyzyň gelşigi

Magtymguly Pyragynyň: «Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama,Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa» —

Gözellikde bäs ederler bägüle

Ynsan kalby — hemişe güllere, olaryň gözelligine teşne. Burk urýan ajaýyp ysly, dürli reňkli güller hiç bir adamy biparh goýmaýar. Şonuň üçinem dünýä halklarynda güller bilen baglanyşykly yrymlar, rowaýatlar näçe diýseň bar. Şolaryň her biriniň öz aýratynlyklary bolsa-da, ählisinde hem gözellige sarpa jemlenen. Halkymyzda gyz çagalara at goýlanda, güller bilen baglanyşdyrmak ýörgünli. Atlaryň öňünden we yzyndan «gül» sözi goşulyp, perzentleriň gül ýaly gözel hem päkize bolmagy arzuw edilýär. Gülşat, Gültäç, Güljemal ýa-da Gyzylgül, Amangül, Bagtygül, Aýgül, Azatgül, Bägül... diýlip, çagalaryň ady guwanç hem söýgi bilen tutulýar. «Gül» goşulmaly atlar şadessanlarymyzda hem öz mynasyp ornuny tapypdyr. Gülpam, Gülhan, Gülnahal, Gülruh, Gülendam ýaly atlar türkmen şadessanlarynda, halk aýdymlarynda ýörgünlidir.

Guşlar nagma kakýar bahary buşlap

Halkymyzyň asyrlar boýy mähir-yhlasy siňip, gurplanan topragynyň gözelligini has artdyrýan bahar göwünleri joşdurýar. Zemine täzeleniş berýän baharda ene söýgüsi ýaly ýakym bar. Ine, şonuň üçinem bahar pasly bilen eneleriň arasynda meňzeşlik bardygyny nygtaýanlar müň keren mamladyrlar. Ýazda tebigat gül-gunçalar bilen bezelýär. Ene bolsa öz perzentlerini dünýä berip, ýaşaýşa gül-pudak ýaýradýar. Haçan-da, al-elwan geýnen bahar özüniň täze, gaýtalanmajak gözelliklerini tutuş äleme paýlanda şol gözelliklerden ganyp bilmersiň. Lowurdap şöhle saçyp duran Günüň öňüni bir bölejik bulut bürär, şol pursadam şemal geler-de, gül-gunçalaryň başyny sypar, daş-töweregi hoşboý ys gaplap alar. Ine, birdenem ýagyş damjalap başlar. Ýaz ýagşy ene topragy mazaly ezer-de, ýene-de Gün çykar. Şol pursat asmany zemin bilen birleşdirýän mysaly älemgoşar görner. Süllümbaý ezilen toprakdan kömelekler çykar. Guşlar ýene owaz eder, ýazy buşlar. Arkasy hal-hal kebelekler gülden-güle gonmaga howlugarlar. Şol pursat baharyň ilkinji günlerinden başlap, yhlas bilen topragy keşdeleýändigine göz ýetirersiň. Şol keşdeler bolsa kalbymyza siňip, pasyllaryň ýagşysy bahara bolan söýgiňi öňküdenem artdyrar.