Bagtyýar nesliň joşguny

9 Mart 2021
788

TEJEN. Şäheriň Medeniýet öýünde ýurdumyzyň 2 — 4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher Geňeşi, şäheriň bilim we medeniýet bölümleri bilelikde gurady.

Bäsleşigiň şertleri boýunça çykyş eden enaýyja gyzjagazlar ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, türkmen milli egin-eşiklerini şahyrana sözler bilen wasp etmek hem-de ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.